logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy sözüň gudraty barada
  10.12.2023
877
Magtymguly Pyragy sözüň gudraty barada

Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragy sözüň gudratyna, sözüň täsirine belent başyny egen şahsyýet. “Tile gelen sözler köňül nagşydyr” diýmek bilen, sözleriň ajaýyp nagşy ýatladýandygyny ýazan şahyr “Bendesi men, söze hyrydar guluň” diýip, söz manysyny bilýän, ony ýerlikli ulanýan adamlara hormatynyň, sarpasynyň ulydygyny aýratyn nygtaýar. Akyldar şahyrymyz söz manysyna düşünmeýän, sözden netije çykarmaýan adama sözüňi zaýalamaly däldigini öwredýär.

 

 

Magtymguly Pyragy dogry sözlüligi hoş sözlülik, hoş zybanlylyk bilen bezemegi, ýagny adamyň göwnüne degmän mylakatly gürlemegi, salyhatly bolmaklygy ündeýär. Sebäbi “Ýagşy söz ýylany hinden çykarar” diýip ynanan pederlerimiz hoş söz bilen ynsan ýüregini awlap, duşmanyňy dosta öwürip bolýandygyny durmuş tejribelerinden bilipdirler. Bu hakykat Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de aýdyň beýanyny tapypdyr. Dana akyldar hoş zybanlylyk baradaky pikirlerini pelsepewi derejä ýetirip, öwüt-ündew, maslahat beriji äheň bilen beýan edipdir. Bu aýratynlyk bolsa, Akyldar Pyragynyň goşgularynyň döwrebaplygyny, derwaýyslygyny, şol bir wagtda-da terbiýeçilik ähmiýetini ýokarlandyrýar. Türkmençilikde sözi ýerinde sözlemek, binobat gürlemezlik iki adamyň gürrüňiniň arasyna goşulmak, ýaňramak, gybat etmek biedeplik, terbiýesizlik hasaplanýar. Eždatlarymyz sözlemek edebiniň şeýle artykmaçlyklaryny nesil terbiýesinde giňden ulanypdyrlar. Olar çagalaryna söz edebiniň sözleýiş medeniýetiniň ähli talaplaryny dolulygyna öwredipdirler.

 

 

Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli baý edebi mirasynyň gymmaty barha artyp, ol üç asyra golaý wagt bäri türkmen ruhyýetine we aňyýetine şamçyrag bolup şöhle saçýar. Türkmeniň dogruçyllyk, hakykaty ýaýmak, adalaty dabaralandyrmak häsiýeti milletiň jöwher paýhasynyň, durmuş tejribesiniň miwesi bolan halk döredijilik eserlerine-de siňipdir. Biziň nakyllarymyzdyr atalar sözlerimiz dogruçyllygy ündese, ertekilerimiz, dessanlarymyzdyr şadessanlarymyz dogruçyllygy dabaralandyrýar. Olarda baş gahrymanlar dogrusyny sözläp, hakykaty aýdyp öz maksat–myratlaryna ýetýärler. Ýalan sözläp, hilegärlik edenler ryswa bolup, il içinde abraýdan düşýärler.

 

 

Nurtäç BALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.