logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy hakynda rowaýatlar
  12.01.2024
3018
Magtymguly Pyragy hakynda rowaýatlar

Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy türkmeniň milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: “XVIII asyr – beýik Magtymgulynyň asyrydyr” diýip belläp geçýär. Şol sebäpli beýik Akyldarymyzyň döredijiligi tutuş Orta Aziýanyň, Gündogaryň, galyberse-de, dünýa halklarynyň poeziýasynyň altyn hazynasyna girdi diýmäge doly esas bar.

 

 

Orta Aziýa syýahata gelen Wamberi türkmenleriň Magtymgula hormatyny şeýle beýan edipdir: “Islendik jedelli mesele ýüze çykanda, şol mesele boýunça Magtymgulynyň pikiri öz pikirlerine garşy bolsa- da, ikirjiňlenmezden ony çözgüt hökmünde kabul edipdirler”. Dogrudanam, halkymyzyň Magtymguly atamyza hormaty çäksiz bolupdyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň beýik Akyldarymyz hakyndaky gürrüňdir rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Şol gürrüňdir rowaýatlarymyzdan birini ýatlap geçeliň.

 

 

Bir gezek Kemine obadaşlarynyň haýyşy  boýunça olara goşgularyny okap beripdir. Kemine goşgusyny diňleýjileriň arasynda ýaş-ýetginjekleriň kändigindenmi ýa özüniň okasy gelipmi, garaz şahyr söýgi temasyndan ýazan goşgularyny kän aýdypdyr. Märeke dargandan soň, obanyň üç-dört sany abraýly ýaşululary Keminä “Şahyr, goşgyňa sagbol , ýöne göwnümize bolmasa, gelin-gyzlary wasp edip, has köp goşgy okan ýaly bolduň.  Oňa derek ýaşlarymyza pent bolar ýaly    öwüt-ündew häsiýetli goşgulary köp ýazyp, gelin-gyzlary azrak wasp etseň gowy bolmazmy?!” diýipdirler.

 

 

Kemine obasynyň sylagly ýaşulularynyň bu haýyşyna şeýle jogap beripdir: “Ýaşulular, maslahatyňyza sagboluň, menem başarsam     öwüt-ündew häsiýetli goşgulary köp ýazjak. Emma halypamyz molla Magtymguly türkmeniň söz bossanynyň hoşasyny çöpläpdir. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularynda:

      

 

Namart kimdir biler bolsaň,

Ne diýseň diý “baş üstüne”...

Azmaýyşyň kylar bolsaň

Hiç tapylmaz iş üstünde.

 

diýip, molla Magtymgulynyňky ýaly ajaýyp pikirleri aýdyp bilmejek bolsaň, beýle goşgulary düzeniňden düzmäniň ýagşydyr. Garaz, halypamyz  Magtymguly söz bossanynyň hoşasyny çöplänsoň, bize onuň çöplän hoşasyndan gaçyp galan däneleri çöplemek galýar. Şonuň üçin bize goşgy düzenimizde, esasan, gelin-gyzlarymyzy taryp edip,  ýar- ýar diýmekden başga söz galmady. Eger ony uňlamaýan bolsaňyz, biz indiden beýläk märekede goşgy  okamagymyzy goýaýarys”.

 

 

Ýaşulular Kemineden bu jogaby eşidip, “Molla Kemine, sen bize Magtymgulynyň beýikligini gaty gowy düşündirdiň. Bizden öýke etme. Öz bileniňi edip, täze goşgular döredip, halky begendir hem märekä goşgularyňdan aram-aram okap ber” diýipdirler. Şondan soň molla Keminä goşgy okaýşy hakynda nägileligini bildiren bir adamam bolmandyr.

 

 

Enwer SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.