logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /«Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi!
  27.04.2024
649
«Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adamzadyň edebi mirasyna öwrülen çuň many-mazmunly eserlerini giňden wagyz etmek maksady bilen, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär.

 

Wiktorina üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

 

Wiktorina gatnaşmak üçin:

 

1. Wiktorinanyň düzgünnamasy esasynda ýerleşdirilen www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň “Bäsleşikler” bölüminde hasaba alynmaly we wiktorina gatnaşyjynyň sowalnamasyny 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:00-a çenli doldurmaly. Hasaba alnan talyplaryň wiktorina gatnaşmagy üçin ýörite salgy ugradylar.

 

2. Wiktorinanyň geçirilýän döwründe testi geçmeli.

 

Wiktorina 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat wagty bilen 15:00-18:00 aralygynda geçiriler.

 

Wiktorinanyň netijeleri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde maý aýynda www.yashlar.gov.tm web saýtynda ýerleşdiriler.

 

Ýeňijilere gymmatly bahaly sowgatlar we Minnetdarlyk hatlary gowşurylar.

 

 

Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilere ýüz tutup bilersiňiz:

+99312 44-88-73, +99312 44-88-55.