logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Magtymguly - baky paýhas dünýäsi
  25.03.2023
1459
Magtymguly - baky paýhas dünýäsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde 2024-nji ýylda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Häzirki wagtda bu ýubileýe taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr.

Şa­hy­ryň öm­ri, dur­mu­şy, onuň ýa­şan döw­ri, dö­re­di­ji­li­gi ha­kyn­da en­çe­me yl­my iş­ler ýa­zyl­dy, ki­tap­lar çap edil­di. Alym­lar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­na ýüz­le­nip, şol goş­gu­lar esa­syn­da öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­ňe bir çe­per eser­ler­dir yl­my iş­ler­de däl-de, şe­kil­len­di­riş sun­ga­tyn­da hem öz my­na­syp or­nu­ny tap­dy. Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da goý­lup­dyr. Bu bol­sa türk­men akyl­da­ry­na go­ýul­ýan uly hor­ma­tyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Aslynda, akyldar şahyry, onuň döreden nusgawy eserlerini türkmen edebiýatyndan hem-de halk döredijiliginden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin hem däldir. Ol goşgularynda türkmenleriň häli-şindi ýüzlenip duran halk döredijiliginden ýerlikli peýdalanmak bilen, olary öz setirlerine siňdirmegi başarypdyr. Onuň öwüt-nesihat beriji goşgulary bilen bir hatarda, ynsanyň gylyk-häsiýetine degişli, ýagny mertlik, batyrlyk, halallyk, birsözlülik hakyndaky, il-güni agzybirlige çagyrýan goşgulary hem türkmen edebiýatynda örän uly orun tutýar. Şahyryň islendik temadaky goşgularynda türkmen halkynyň gadymdan ulanyp gelýän nakyllary, atalar sözleri hem-de edebi rowaýatlarynyň ruhy bar. 

 

Göwher AÝMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.