logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Lebaply ekerançylar 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almagy göz öňünde tutýarlar
  15.08.2022
998
Lebaply ekerançylar 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almagy göz öňünde tutýarlar

Şu ýyl, Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar ýere şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 46,47 sentnere barabar boljakdygyny aňladýar.

Welaýat boýunça şaly ekiljek ýerler öňünden kesgitlenilip, topragy ekişe taýýarlamak işleri göwnejaý alnyp baryldy. Ekiş öz wagtynda guramaçylykly geçirildi. Bu bolsa şaly meýdanlarynda gyradeň we doly gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi.

Welaýatda 2 müň 430 gektar meýdanda ekiş geçirip, ondan 11 müň 292 tonna şaly hasylyny almagy meýilleşdirýän Çärjew etrabynyň, 2 müň 225 gektara tohum taşlap, ondan 10 müň 340 tonna şaly hasylyny almagy göz öňünde tutýan Saýat etrabynyň, şeýle hem 2 müň 160 we 1 müň 870 gektara şaly ekip, ondan 10 müň 38 hem-de 8 müň 690 tonna hasyl almagy meýilleşdirýän Dänew we Halaç etraplarynyň gündogar sebitde ýokary şaly hasylyny almaklyga aýratyn goşant goşjakdyklaryny bellemek möhümdir.