Güneşli Diýarymyz hakynda söhbet açylanda, gözümiziň öňünde janlanýan ilkinji keşpler türkmen tebigaty bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu gözel tebigat taryhy asyrlara daýanýan türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny tutupdyr. Gadymy Jeýhunyň boýundan gojaman Hazaryň kenary aralygynda ümmülmez çägi eýeleýän gaýtalanmajak owadanlygy bilen tapawutlanýan türkmen tebigaty özüniň we dünýäniň taryhynda öçmejek yzlary goýan beýik döwletleriň döreýşini, ösüşini we dargaýşyny gördi. Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň ylhamyny arşa göterip, özüni wasp etmäge maýyl eden bu tebigat şu günki günlerimizde hem watandaşlarymyza ruhy güýç bermekde, halk hojalygymyzy mundan beýläk hem pugtalandyrmakda ähmiýetini ýitirmeýär.
Berkarar döwletiň täze eýamyň Galkynşy döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokary göterilmegine getirýär. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara möçberli ylmy-amaly maslahatlar we sport ýaryşlary bolsa eziz Watanymyza gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna we ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçilikleriniň has-da ýokarlanmagyna alyp barýar.
Häzirki zaman dünýäsinde ekologik syýahatçylyk barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ekologik jahankeşdelik durnukly syýahatçylygyň görnüşleriniň biri bolmak bilen, dünýä ýüzünde antropogen täsire duçar bolmadyk ýerlere gezelençleri guramaklyga esaslanýar. «Ekosyýahatçylyk» adalgasy ilkinji bolup, XX asyryň 80-nji ýyllarynda Günbatar ýurtlarynda ylmy konferensiýalaryň birinde Meksikaly ekolog Ektor Sebalýos-Laskuraý tarapyndan resmi taýdan peýdalanyldy. Ol rekreasiýa bilen ekologiýanyň arasyndaky sazlaşygy tapmak bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Bu düşünjäniň ýene bir kesgitlemeleriniň biri hem şundan gelip çykýar, ol işjeň rekreasiýany we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaklygy öz içine alýar.
Ekologik syýahatçylyk özünde birnäçe ýörelgeleri saklaýar. Olaryň esasylaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1. Tebigata syýahat, onuň esasy mazmuny janly tebigat, ýerli däp-dessurlar we medeniýet bilen tanyşmak;
2. Ekologik we sosial-medeni häsiýete eýe bolan täsirleri iň pes derejä çenli ýetirmek, ekologik deňagramlylygy saklamak;
3. Tebigaty we ýerli sosial medeni gurşawy goramak;
4. Ekologik bilimi we medeniýeti wagyz etmek;
5. Ykdysady netijelilik we ekologik syýahatçylyk etraplarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek.
Güneşli Diýarymyz Türkmenistan hem tebigatynyň özboluşlylygy, ekologik syýahatçylygy ýola goýmak üçin gerekli ähli şertleriniň barlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ekologik syýahatçylygy ýola goýmagyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri hem Gündogar Türkmenistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendag sebitidir.
Bu sebit syýahatçylygy ösdürmek üçin gerek bolan ähli zerur şertleriň barlygy bilen tapawutlanýar. Bu sebitde tebigatyň gaýtalanmajak bölekleri, karst gowaklary, owadan dereler, ýyly suwly çeşmeler, senagat we gurluşyk ähmiýeti bolan mermer daşlar ünsüňi özüne çekýär. Köýtendagyň gerişleri hek daşlary, dolomit ýaly karbonatly, gips angidrit ýaly sulfatly jynslardan düzülendir. Bu ýerde karst hadysalary giňden ýaýrandyr. Şeýlelikde, Köýtendag karst hadysalarynyň ýüze çykmagynyň nusgawy sebitleriniň hataryna girýär.
Syýahatçylyk we jahankeşdelik babatda gelejegi uly bolan Köýtendag sebitiniň karst hadysalaryny we sebitiniň rekreasion baýlyklaryny dürli taraplaýyn öwrenmek bu sebitde ekologik syýahatçylygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň beýleki tebigy sebitlerinden tapawutlykda, Köýtendag özüniň tebigatynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýurdumyzyň iň beýik nokady Aýrybaba gerşi, dünýä ýüzünde iň dowamly gowaklaryň ulgamy we dinozawrlaryň platosy bardyr. Bularyň ählisi bolsa durnukly ekologik syýahatçylygy ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döredýär.
Köýtendagyň eňňitlerinde ýurdumyzda seýrek duş gelýän floranyň we faunanyň wekillerini görmek bolýar. Köýtendagy ýaşyl ada hökmünde hem göz öňüne getirip bolar. Sebäbi bu sebit özüni gurşap alýan gurak düzlüklerden aýdyň tapawutlanýar. Ösümlik örtüginiň beýle gür ýerleşmegi bolsa ygallaryň ýyllyk mukdary bilen baglanyşyklydyr. Çünki Köýtendagyň eteklerinde ýylda 200 mm, dagyň depelerinde bolsa 350 - 400 mm möçberinde ygal düşýändir. Bu bolsa ýurdumyzyň beýleki künjeklerine düşýän ygallardan ep-esli ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Bu çäkde çeşmeleriň hem birnäçesine duş gelmek bolýar, olar özleriniň ýuwujylyk häsiýeti bilen dag jynslaryny ýuwup jarlary we kanýonlary emele getirýär. Bular hem Köýtendagyň gaýtalanmajak tebigatyna ýene-de özboluşly gözelligi goşýar.
Köýtendagyň hakda söz açylanda, bu sebitde duş gelýän duş gelýän karst gowaklary barada durlup geçilmese bolmaz. Çünki bu gowaklar Köýtendagy dünýä tanadan tebigatyň gözel künjekleriniň biri hasaplanýar. Köýtendagyň çäginde gowaklaryň birnäçe duş gelýändir. Olar hem özüniň gurluş aýratynlyklary we emele gelşi boýunça bir-birlerinden tapawutlanýandyrlar.
Hojapil obasynyň golaýynda zyýaratçylary we syýahatçylary özüne çekýän «Kyrkgyz» gowagy ýerleşýändir. Onuň gaýalarynyň belentligi 200 metr , ini hem bary ýogy 15-20 metr. Kyrkgyz gümmeziniň 80 metr çemesi belentligi bar, onuň depesinde üzüme meňzeş dag ösümliginiň gollary aşak sallanyşyp, bir tüýsli gözel tutyny emele getirýärler.
Köýtendagyň gözel gowaklarynyň ýene biri hem Gülşirindir. Gülşirin gowagy içki bezegleriniň beýlekilerden has ajaýyplygy we täsinligi bilen geň galdyryjydyr. Gowagyň uzynlygy birnäçe kilometre ýetýär, gädijek görnüşindäki dar girelgesi çylşyrymly örtüklere öwrülýär we hek daşly egrem-bugram giň köwege eltýär.
Köýtendagyň ajaýyp tebigy landşaftlary ösümlik dünýäsine baýlygy we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Köýtendag bu ýere gelýän syýahatçylar üçin özboluşly täsinlikleri açyp görkezýär. Köýtendagyň dag eteklerinde we jülgelerinde diňe bir ýurdumyz üçin däl eýsem, sebitde seýrek duş gelýän wekilleriň biri bolan burma şahly tekeler tebigy ýagdaýda ýaşaýar. Haýwanat dünýäsiniň wekillerini uzak wagtyň dowamynda sanap bolýar, bu ýerde diňe bir süýdemdirijileriň sany 40-dan geçýändir.
Emma Köýtendagyň iň bir täsin ýaşaýjysy karst gowaklarynda duş gelýän – kör ýalaňaç balygydyr. Bu adaty gowaklaryň ýaşaýjysy – troglobiontdyr. Bu görnüş ylymda doly öwrenilen däldir. Karst gowaklarynyň öwrenilmegi entek ylymda ýüze çykarylmadyk görnüşleri açmaga we hadysalary subut etmäge mümkinçilik berýän tebigatyň täsin künjekleriniň biridir.
Şeýlelikde, bu sebit ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan sebitleriň hataryna girýändir. Bu gözel tebigaty gorap saklamak we onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak boýunça ýurdumyzda uly göwrümli işler durmuşa geçirilýändir.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge, halal zähmet çekmäge ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.
Enwer MEREDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.