Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow ýurdumyzda giňden tanalýan halypa artistleriň biridir. Oňa ýurdumyzyň ähli körpeleri: «Aşyrdäde!» diýip ýüzlenýärler. Indi ençeme ýyl bäri «Siziň üçin, körpeler!» atly telegepleşik arkaly her gün ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň döwletli maşgalasynda «myhmançylykda» bolýan halypa artistiň durmuşyň gül- gunçalary hasaplanylýan körpeleriň höwes bilen tomaşa edýän gepleşiginiň meşhurlyga eýe bolmagynda saldamly goşandy bar. Onuň gepleşige gatnaşýan körpeler bilen söhbetdeş bolmagy, onda-da özüni edil olaryň biri ýaly alyp barmagy, çaga ýüregi bilen gürleşmegi, dil tapyşmagy ussatlyk bilen başarmagy bu gepleşigi diňe ýurdumyzyň körpeleriniň däl-de, eýsem, bagtyýar raýat- larymyzyň hemmesiniň hem uly höwes bilen tomaşa edýän gepleşigine öwürdi.
Adatça, teatr sahnasynda ýa-da kino ekranynda keşp janlandyrýan artistiň ukyp-başarnygy barada gürrüň edilende: «Artist özüne ynanylan islendik häsiýetdäki gahrymanyň keşbini janlandyrmagy başarmaly» diýen pikir aýdylýar. Bu sungatyň teatr, kino ýaly görnüşlerine degişli bolsa-da, körpeler bilen bile çykyş etmegiň köp zähmeti, ussatlygy, kämilligi talap edýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Munuň üçin artistiň özem çaga göwünli bolmaly. Aşyr dädäniň özi-de «çaga göwünli artist» diýilýänlerden. Onuň mähir-mylakatly häsiýeti, körpeleriň her birini yssy mähir bilen gurşamagy netijesinde, gepleşikde çykyş etmäge isleg bildirýän körpeleriň sany barha artýar.
Her gün agşam biz bu gepleşige körpeler bilen bile, Aşyr dädäniň näme hakynda gürrüň berjekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Aşyr däde bolsa gepleşiginiň her gezekki sanynyň many-mazmuna baý, çeperçilik taýdan kämil, körpe tomaşaçylaryň çaga ýüregine ýakyn bolmagy barada oýlanýar.
Aşyrmyrat Gurbanow köp çagaly maşgalada kemala gelýär. Onuň ene-atasy il içinde sylanýan adamlar bolupdyr. Olar ata-baba dowam edip gelýän milli häsiýetlerimizi çagalaryna geçirmäge aýratyn üns beripdirler. Bu maşgalada kemala gelen çagalar durmuşda öz ornuny tapyp, saýlap alan kesbi-kärlerinde uly abraý bilen işläp ýörler. Ata-baba dowam edip gelýän milli ýol- ýörelgelerimizi on iki süňňüne siňdirip, bu günki gün ýurdumyzyň körpeleriniň Aşyr dädesine öwrülen ussat artistiň özi hem döwletli maşgalanyň eýesi. Ol ene-atasynyň hemmeler bilen mähir-mylakatly bolmak, ulyny hormatlap, ýaşkiçä sarpa goýmak ýaly ajaýyp häsiýetlerini öz çagalaryna geçirmegiň aladasynda.
A.Gurbanow Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Aktýoryň ussatlygy we sahna dili» kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär. Ol geljekde tanymal teatr we kino artisti bolmagy ýaş ýüreginde besleýän talyplara aktýoryň ussatlygynyň inçe syrlary hem-de sahna diliniň özboluşlylygy boýunça tälim berýär. Onuň bu ugurda özboluşly iş usuly bar. Zähmetsöýer, hoşgylaw artist her gezek sapaga başlanda, ilki bilen, ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelerimiziň durmuşymyzdaky orny, arkama-arka dowam edip gelýän şol milli aýratynlyklarymyzyň ýaş nesliň ruhy dünýäsini terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berýär. Ol bulary ýaşlaryň saýlap alan kesbi-kärine siňdirmegine uly üns berýär.
A.Gurbanow talyplar bilen birnäçe spektakllary sahnalaşdyrdy. Onuň režissýor hökmünde türkmen we dünýäniň görnükli ýazyjy- şahyrlarynyň eserleri esasynda sahnalaşdyran «Durmuş oýun däldir», «Arşyn mal alan», «Iki peýkam», «Süýji durmuşyň gapysy», «Wah, gara gözler» ýaly spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu spektakllara tomaşa edeniňde, durmuş we sungat ýolunda baý tejribesi bolan artistiň mähir-mylakatly häsiýetini tälim berýän talyplaryna geçirmegi başarandygy anyk görünýär. Köp öwüşginli zehiniň eýesi bolan artistiň ýetişdiren şägirtleri bu günki günde ýurdumyzyň dürli künjeginde milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar. Halypa artist öz ýetişdiren talyplarynyň durmuşda we sungatda gazanýan üstünliklerine guwanyp, täze döredijilik gözleglerinde bolýar. Olar bilen ýygy aragatnaşyk saklap, işi, döredijiligi bilen yzygiderli gyzyklanýar.