logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Koreý işewürleri Türkmenistanda «akylly şäher» taslamalaryny durmuşa geçirer
  30.11.2022
1157
Koreý işewürleri Türkmenistanda «akylly şäher» taslamalaryny durmuşa geçirer

Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Koreý işewürleri bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistandaky «akylly şäher» taslamalary ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Daewoo Engineering and Construction» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Juň Won-Ju bilen duşuşdy. Duşuşykda kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň iri şäherleriniň bu ugurda toplan tejribeleriniň ulanylmagynyň iki tarapa hem peýdaly boljakdygy bellenildi.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň ýanaşyk çäkleriniň desgalarynyň gurluşygynda sanly ulgamlaryň we «akylly» şäher tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Bu babatda Koreýa Respublikasynyň bu ulgamda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň «Hyundai Engineering», «Jies» koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň biriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, «akylly» şäher konsepsiýasynyň wezipelerini çözmek hem-de Türkmenistanda bu ulgamda başy başlanan taslamalara gatnaşmagyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Jennet HOJANAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň mugallymy.