logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Interesting /KOALA-MYLAÝYM HAÝWAN
  19.04.2022
1720
KOALA-MYLAÝYM HAÝWAN

Koala bir yklymda ýagny Awstraliýada ýaşaýan ýakymly mylaýym haýwan.Aborigen dilinde “koala” sözi “içmeýän” manysyny berýär.Ewkalipt çyglylygy bilen kanagatlanyp hakykatdan hem suw içmeýär. Koala awstraliýalylaryň iň halaýan torbaly haýwanydyr.Emma bu hemişe beýle däldi ilki başda koalalary gür ýüňi üçin köpläp gyrypdyrlar ýöne ondan hem uly howpy ewkalipt tokaýalrynyň çapylmag, gurakçylyk we ýangyn olaryň ýaşamagyny dowam etdirmek üçin uly howp salypdyr.Koalalara abanýan howp 1924-nji ýylda 2 milliondan gowrak deriniň  eksport edilmegi bilen ýüze çykdy.Şol wagta çenli haýwanlar Günorta Awstraliýadan we Wiktoriýanyň Günorta Uelsiň köp ýerinden ýitipdi.Köpçiligiň nägileligi netijesinde 1944-nji ýyldan başlap koalalary awlamak gadagan edildi we 10 ýyldan soň olaryň sany dikelmäge başlady. Koalalaryň bedeni gysga we dykyz , kellesi uly we tegelek, gözleri kiçi. Goýy we ýumşak ýüňi olary erbet howadan we temperaturadan gorap saklaýar.
Koalanyň bedeniniň uzynlygy 70-85 sm, agramy 7-12 kg. Koalanyň bary-ýogy 30 dişi bar.Olar esasan ewkalipt ýapragy bilen iýmitlenýärler.Olaryň ýaşaýan kontinentinde ewkaliptiň 600 görnüşiniň ösýändigine garamazdan diňe 30 görnüşi bilen iýmitlenýärler. Koalalar 18-20 sagadyny uklaýarlar 2-3 sagat iýmitlenýärler galan wagtlaryny diňe otyryp geçirýärler.Tebigatda koala 10 ýyl ýaşaýar iň köp 18 ýyl ýaşamaga ukyplydyr. Kolalaryň barmak yzy adamlaryň barmak yzy bilen deň gelýär.


Esen Amankulyýew
              Oba hojalyk instutynyň talyby