logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Kerkide iki aýda 995 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi
  03.03.2023
1441
Kerkide iki aýda 995 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi

Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine islegler barha ýokarlanýar.

Kärhanada şu ýylyň geçen ýanwar-fewral aýlarynda 950 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilleşdirilip, bu görkeziji 995 tonna golaýlady. Meýilnamadan daşary 44 tonna önüm artyk öndürildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 1 million 782 müň manatlyga deň boldy.