Ahal province
logo

Latest news:
✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦ ✦ Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi ✦ ✦ HNGU-nyň talyplary emeli aň we startap mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-nyň talyplary eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦ ✦ Adamyň ýatkeşligi nähili işleýär? ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦
Home / Science and Education /Kämil bilim köňüllere şamçyrag!
  27.03.2023
1174
Kämil bilim köňüllere şamçyrag!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary, beýik ösüşleri ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup, ol Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, diýarymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän bilim ulgamynyň kemala getirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň çäklerinde berilýän bilimiň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berlip, häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil usullary ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny hem hilini baýlaşdyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu babatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kitaphanalar, okuw merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu merkezlerde ähli okuw derslerini, okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri guramak üçin zerur bolan ähli şertler döredilen. Okuw otaglary häzirki zaman multimedia we kompýuter enjamlary, kämil tehnologiýalar, zerur bolan okuw gollanmalary bilen hem doly üpjün edilen. Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň işjeň ösdürilmegi esasynda gazanylýar. Bagtyýar ýaşlar barada edilýän şeýle oňyn aladalar Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzyň geljekki ösüşini şertlendirýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, milli ykdysadyýetimizi ýokary depginde ösdürmek üçin eziz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylymly-bilimli, ýiti zehinli, ussat ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegi esasy orunda goýulýar. Geljek üçin ähmiýetli bolan möhüm wezipeleriň hatarynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak babatda giňişleýin işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Biz ýaşlara ähli ugurda nusgalyk görelde bolan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamyna hem-de bagtyýar döwrümiziň şeýle ösüşlerine jogap edip, yhlasly okamak, döretmek biz bagtyýar ýaşlar üçin çäksiz buýsanç hem belent mertebedir! 

 

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.