logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Tebigat /Janly tebigatyň täsin wekili
  13.02.2023
1770
Janly tebigatyň täsin wekili

Mälim bolşy ýaly, fauna dünýäsi biri-birinden täsin hem özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan müňlerçe görnüşlerden ybarat bolup, olaryň ählisi-de janly tebigatyň aýrylmaz bölegidir hem-de bezegidir. Guşlar dünýäsiniň wekili bolan Nikobaryň kepderisi hem täsin görnüşdir. Onuň ylmy ady «Caloenas nicobarica» bolup, ol Nikobar we Andaman adalarynda, Indoneziýada, Mýanmada, Filippinlerde, Malaýziýada, Taýlandda, Täze Gwineýada ýaşaýan seýrek görnüşdir. Şeýle hem bu görnüş, XVII asyryň ortalarynda ýok bolup giden diýlip çaklanylýan guşlaryň bir wekiliniň iň ýakyn garyndaşydygy ýüze çykaryldy. Bu pikir 2004-nji ýylda ýörite seljerme geçiren Oksford uniwersitetiniň alymlary tarapyndan resmi taýdan tassyklandy. Nikobar kepderisiniň janly tebigatda giň ýaýran ýerleri jeňňellik ýerlerdir we has gowusy-da adamsyz adalarda ýerleşýär.

Guşuň bedeniniň uzynlygy 40 sm, agramy bolsa 700 gr töweregidir. Daşky keşbi boýunça Nikobar kepderisi ýaşyl ýa-da gök reňkli çal-metal ýeleklerden ybarat adaty bolmadyk ajaýyp reňk sazlaşygyna eýedir. Bu guşlaryň häsiýetli aýratynlygy, uzyn we uçly ýeleklerden emele gelen boýnundaky ýelek örtügidir. Bu kepderiniň uly hem gyzyl reňkli aýaklary birneme towuklary ýada salýar. Nikobar kepderileri ýaşaýan mesgenine oňat uýgunlaşan bolup, tebigy duşmanlary-da esasan hem süýrenijilerdir. Bu guş uçmagy gaty halamaýar, köplenç ýerde iýmit gözleýär, iýmiti-de miweli agaçlaryň miweleri, dürli ösümlikleriň tohumlary, hozşekilliler we ownuk oňurgasyz jandarlardan ybaratdyr. Iýmit siňdiriş ulgamy gaty gaty gabyk bilen hozy siňdirmäge mümkinçilik berýär. Belli möwsümde olar onlarça süri bolup birleşip, günorta-gündogar Aziýanyň materikleriniň çägindäki bir adadan beýlekisine uçýarlar. Nikobar kepderileri jübütleşmek möwsüminiň başlanmagy bilen, dykyz, gür tropiki ösümlikler bilen örtülen, uzak hem adamsyz adalaryň birine göçýärler. Jüýjeler ejiz we goragsyz bolup, ömrüniň ilkinji üç aýynda ulularyň gözegçiliginde bolýar.

Nikobar kepderisi ýabany tebigatda ýitmek howpy abanýan, seýrek duş gelýän görnüş bolup, ol Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilendir. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.