logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /IV Açyk halkara internet olimpiadasyna dürli ýurtlardan 665 talyp gatnaşdy
  18.03.2025
1675
IV Açyk halkara internet olimpiadasyna dürli ýurtlardan 665 talyp gatnaşdy

Şu gün, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada sanly ulgam arkaly guralyp, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdy.

 

Jemi 895 talyp bu bäsleşige gatnaşyp, olaryň 665-si daşary ýurtly, 230-sy bolsa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldy. Olimpiada Azerbaýjan, Awstraliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Belarus, Ermenistan, Eýran, Fiji, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Özbegistan, Päkistan, Russiýa, Rumyniýa, Türkiýe, Uganda ýaly döwletleriň talyplary gatnaşdylar.

 

Bu bilim bäsleşigi bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak we bilim maksatnamalarynyň gerimini giňeltmek üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olimpiadanyň emin agzalary hökmünde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler.

 

Olimpiada bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleriniň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar sergi bilen tanyşyp, institutda ýerine ýetirilen işleri synladylar.