logo

Latest news:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Home / Science and Education /Iňlis dilini okatmagyň usullary
  29.11.2022
2313
Iňlis dilini okatmagyň usullary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemek we olary bilime höweslendirmek Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli bilim edaralarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesini öwretmeklik üstünlikli ösdürilýär. Şeýle-de döwletimizde ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we hytaý dillerini öwretmeklik hem girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatnamasy oňyn netijelere beslenýär. Onda okatmagyň yzygiderli kämil ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz hem öňünde tutulandyr.

Geçmiş taryhymyzda hem paýhasly ata-babalarymyz ýaşlaryň ylym-bilim almagyna, olaryň terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Bu babatda ene dilini kämil bilmekleri bilen birlikde dünýä dillerini hem öwrenmeklerini gazanmak ugrunda yhlas edipdirler. Bu gün türkmen ýaşlarymyz dünýä dillerindäki kitaplary okap, özleşdirmek bilen, daşary ýurt dillerini kämil ele alýarlar. Ähli bilim edaralarynda ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dilleri hem öwredilýär. Daşary ýurt dilleriniň arasynda halkara dili hökmünde kabul edilen dilleriň biri bolan iňlis dilini döwrüň usulyýetine baglylykda kämil derejede öwretmeklik amal edilýär. Iňlis dilini öwretmekde ösen tehnologiýalar, kompýuter programmalary, audio we wideo ýazgylar işjeň ulanylýar. Umumybilim edaralarynda iňlis dilini öwrenmegiň hem birnäçe usullary bar. Şeýle usullar esasan hem ýaş hünärmenler tarapyndan içgin öwrenilýär we geçilýän sapaklarda berkidilýär. Bu dili okatmagyň kämil usulyýetinde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaklyk, özara tejribe alyşmaklyk gowy ýardam edýär. Bu bolsa dil öwretmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, çaganyň dil taýýarlygyny onuň irki ösüşinde gazanmaklyk onda daşary ýurt dilleri baradaky düşünjeleri kemala getirýär. Ýaşlykda öwredilen diller bolsa çaganyň aňynda berk ornaşýar. Bu bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesli, kämil düşünjeli, yhlasly hem dörediji ýaş nesliň kemala gelmegine esas döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimler dünýäsine çuňňur aralaşmaklary,  olaryň dil öwrenmeklige bolan garaýşyny ösdürmek we zerur şertleri döretmek babatda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, halk bähbitli belent tutumlary bagtyýar döwrüň rowana ýollarynda üstünliklere beslensin! 

 

Çinara AZIZOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.