Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ibn Sina – beýik akyldar, alym hem lukman
  16.03.2024
260
Ibn Sina – beýik akyldar, alym hem lukman

Gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina 980-nji ýylda Buharanyň golaýyndaky Afşana diýen obada dünýä inýär. Ibn Sina Merkezi Aziýanyň belli ylym-bilim ojaklarynda, Köneürgençde, Nusaýda ylmy işlerini ýazypdyr. Ol taryha ser salanyňda, iň köp kitap ýazan beýik alymlaryň biri hökmünde tanalýar. Akyldar özüniň ilkinji mugallymy, ýagny Abu Nasr Al Faraba özüniň halypasy hökmünde garap, oňa uly sarpa bilen goýupdyr. Ibn Sinanyň ömrüniň köp bölegi dürli ýerlere guralan saparda geçiripdir we eserleriniň köpüsini-de şol saparlar wagtynda ýazypdyr. Döreden eserleriniň agramly bölegi filosofiýa, lukmançylyk ýaly ylmyň beýleki dürli ugurlaryna degişli bolup durýar. Ol Gippokratyň, Galeniň Köneürgenç, Merw, Buhara şäherleriniň iri kitaphanalarynda saklanan lukmançylyk bilen bagly arap diline terjime edilen eserlerini diýseň içgin öwrenipdir. Ibn Sina heniz 21 ýaşynda wagty ilkinji uly göwrümli kitaby bolan “Al-Majma” (Ýygyndy) atly eserini ýazypdyr. 

 

Ibn Sina 32 ýaşynda Köneürgenje göçüp gelipdir we bu ýerde Abu Reýhan Biruny, Ibn Yrak, Mäsihi ýaly alymlar bilen tanyş bolupdyr. Akyldar  ol ýerden soň Nusaý we Abywert şäherlerinde hem birnäçe ýyl ýaşapdyr. Jürjen şäherinde ol 46 sany ylmy eserini hem meşhur «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseriniň birinji bölümini ýazypdyr. Alymyň has önjeýli işlän ýerleriniň biri-de Yspyhan şäheridir. Ol bu şäherde «Logika», «Almagest», «Danyşnama» atly pelsepewi eserlerini ýazyp tamamlapdyr. 

 

Häzirki wagtda hem ýurdumyzda beýik alymyň bize miras goýan gymmatly ylmy işlerini içgin öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek babatda möhüm işler geçirilýär. Halkymyzyň arasynda “Her keseliň emini dogan ülkäň  topragyndan  gözle” diýen paýhasly pikir bar. Güneşli  ýurdumyzyň  paýyna  düşen baý tebigatymyzda bitýän dermanlyk ösümlikler halkymyzyň, nesilleriň sagdyn we uzak ýaşamagynyň gözbaşydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň güneşli diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleri  hakynda degerli maglumatlary özünde jemleýän “Türkmenistanyň  dermanlyk  ösümlikleri” atly  köp jiltli ylmy işi, şeýle-de ”Türkmenistan – melhemler  mekany” atly kitaby lukmançylyk ulgamynda gymmatly gollanmadyr. 

 

Gülşat SÜLEÝMANOWA, 

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 1-nji ýyl talyby.