logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦
Home / Science and Education /Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti
  26.12.2025
347
Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti

Soňky ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä ykdysadyýetinde we tehnologiýa ulgamynda öňdebaryjy orunlara çykmagy hytaý diliniň ähmiýetini ep-esli artdyrdy. Bu ýagdaý tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini okatmaga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Häzirki döwürde bolsa bu işi maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarysyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.

 

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary okuw prosesini döwrebaplaşdyrmaga, talyplaryň okuw derslerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Hytaý dili fonetik, grammatiki we ýazuw taýdan çylşyrymly dil bolansoň, sanly serişdeleriň kömegi bilen ony öwrenmek has aňsat we täsirli bolýar. Audio we wideo ýazgylar arkaly talyplar dogry aýdalyşyny özleşdirýär, interaktiw programmalar arkaly hieroglifleri ýatda saklamak ukyby ösdürilýär.

 

Tehniki ugurly talyplar üçin ýörite taýýarlanan sanly okuw materiallary hytaý dilindäki hünär terminologiýasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Onlaýn platformalarda ýerleşdirilen tehniki tekstler, wideodärsler we simulýasiýalar talyplaryň öz hünäri bilen bagly daşary ýurt çeşmelerini okap düşünmegine ýardam edýär. Şeýle usul okuw bilen hakyky önümçilik we ylmy işleriň arasynda baglanyşyk döredýär.

 

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy talyplaryň özbaşdak işlemegine, gözleg ukyplarynyň ösdürilmegine we döredijilikli pikirlenmesine oňaýly şert döredýär. Şeýle hem mugallymlar üçin okuw prosesini has netijeli meýilleşdirmäge we her talybyň aýratyn taýýarlyk derejesini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.

 

Netijede, tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy häzirki zaman bilim ulgamynyň möhüm şertleriniň biri bolup, halkara derejede bäsleşige ukyply hünärmenleriň kemala gelmegine hyzmat edýär.

 

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.