Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Hususy pudagyň ösdürilmegine berilýän üns ýokarlanýar
  03.04.2023
528
Hususy pudagyň ösdürilmegine berilýän üns ýokarlanýar

Berkarar Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, täze önümçilikleri ýola goýmakda, iş üpjünçiligini amal etmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmenistan ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri ýylsaýyn artdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler özüniň hili, ýokumlylyk derejesi we ýokary halkara ülňülere laýyk gelýändigi üçin, dünýäniň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalarda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän ýokary hilli konditer önümlerini öndürmek boýunça oňyn tejribe toplandygy buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda önümçilige ornaşdyrylýan täzeçil usullar, kämil tehnologiýalar gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekde, önümleriň hilini yzygiderli gowulandyrmakda we olaryň möçberini artdyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri açýar. Diýarymyzda esasan hem ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi hem aýratyn bellärliklidir.

Döwrebap ýyladyşhana ulgamlarynda ulanylýan kämil tehnologiýalar hem-de ekologiýa babatda geçirilýän işler netijesinde ak bazarlarymyzda ýylyň ähli möwsüminde gök we miwe önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär.

Şeýle hem häzirki wagtda şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barha artýar. Hususan-da, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehini, başlangyjy bilen binýat bolan Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurlan binalaryň we desgalaryň ajaýyplygy, amatlyklary pudagyň täze önümçilik kuwwatlyklaryny kemala getirmäge, şol bir wagtyň özünde, täze iş orunlaryny döretmäge esas berýär. Ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli önümleriň hem köpdürlüligi we olaryň hil babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Özümizde öndürilýän dokma önümleri, haly we haly önümleri dünýäniň dürli künjeklerinde uly islege eýe bolýar. Munuň özi, dokma önümçiliginde taýýarlanylýan dokma önümleriniň ýokary hillidigine güwä geçýär. Şeýlelikde, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändikleri hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan zerur tagallalar ata Watanymyzy uly özgerişlere besleýär. 

 

Jeren IKRAMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.