logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Hünärim bar, hormatym bar
  18.11.2022
1334
Hünärim bar, hormatym bar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy köp derejede ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlarymyzy giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, ruhubelent hem-de medeniýetli edip kemala getirmek işine bagly bolup durýar. Islendik önümçilik pudagynyň ýokary depgindäki ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnikalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyna we olary dolandyrmagy başarýan ýaşlara bagly bolup durýar.

Türk­me­nis­tan­da bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge hem uly üns be­ril­ýär. Ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, bu ul­gam üçin go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri ýy­lyň-ýy­ly­na art­dy­ry­lyp, ýur­du­my­zyň çar kün­jün­de bi­lim mak­sat­ly döw­re­bap bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­ýar. Tä­ze gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän des­ga­lar gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik nus­ga­la­ry, hil de­re­je­si bi­len düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Şo­nuň ýa­ly-da, ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ry döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, okuw-teh­ni­ki en­jam­lar bi­len yzy­gi­der­li üp­jün edil­ýär. Mu­nuň özi okuw sa­pak­la­ry­ny in­no­wa­sion usul­lar­dan peý­da­la­nyp gu­ra­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ne­ti­je­de, be­ril­ýän bi­li­miň hi­li has-da ýo­kar­lan­ýar.

Ýaş nes­liň ene di­li bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek­le­ri üçin-de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» çäk­le­rin­de bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň maz­mu­ny baý­laş­dy­ryl­ýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine itergi berýän mümkinçilikdir.

Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Goý, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Dünýägözel HANMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.