logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Technology /Hor çekýänler üçin akylly ýassyk oýlanyp tapyldy
  14.01.2023
1890
Hor çekýänler üçin akylly ýassyk oýlanyp tapyldy

Mälim bolşy ýaly, hor çekmek adamlar köpçüliginiň arasynda giň ýaýran meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde güýçli hor çekmeklik ýanyňdakylara rahat uky almaklyga päsgel berýär. Golaýda hor çekýän adamlar üçin emeli aňyň üsti bilen akylly ýassyk oýlanyp tapyldy.

«Motion Pillow» atly golçur şereketiniň ýasan bu akylly ýassygy hor çekmegiň ep-esli öňüni almaga ýardam berýär. Bu akylly ýassyklar çykýan sesi anyklaýar we çişmek bilen bolýar. Akylly ýassyk ýatan adamyň kellesi kadaly ýagdaýa gelýänçä öwürýär.

«Motion Pillow» şereketi bu akyllygy ýassyklaryň ähli lukmançylyk we kliniki synaglardan üstünlikli geçendigini we birnäçe ulanyjylaryň hor çekmeginiň öňüni alandygyny mälim edýär.

Akylly ýassyklar şu ýylyň 5-8-nji ýanwarynda geçirilen «Sarp ediji tehnologiýa birleşiginiň innowasiýa baýragyny» hem almagy başardy. Bu baýrak her ýyl ABŞ-nyň Las Vegas ştatynda geçirilýär. 

 

Rustam ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.