logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Sport /Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi
  15.04.2024
634
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ýurdumyz nobatdaky iri sport baýramçylygyna – hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berdi. Saglyk aýynyň hoştap howaly günlerinde ak mermerli Aşgabat terjribeli türgenleri, sport janköýerlerini öz goýnunda jemledi. 15-20-nji aprel aralynda dowam etjek bu halkara ýaryş Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda ýaryşyň “A” we “B” toparçalaryndaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi göz öňüne tutuldy.    

 

Halkara ýaryşyň badalga alan ilkinji gününde geçirilen duşuşyklar turuwbaşdan ýaryşyň şowhunyny artdyrdy. Ilkinji duşuşyk Özbegistanyň “Feniks” topary bilen Oman Patyşalygynyň “Oman Naşiniz” toparynyň arasynda geçirilip, toparlar buzuň üstündäki başarjaňlyklaryny, şaýba erk etmek ussatlyklaryny görkezdiler. Duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda 11:3 hasabynda özbek hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy.  

 

“B” toparçanyň ilkinji oýnunda bolsa Gazagystanyň “Akmola” topary Türkiýäniň “Team-Türkiýe” toparyndan 5:3 hasabynda üsütnlik gazandy.

 

Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.