logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /HNGU - «Açyk gapylar» gününi geçirýär!
  14.04.2023
1169
HNGU - «Açyk gapylar» gününi geçirýär!

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak maksady bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. 

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» güni uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde we 3-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.  

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-13-05, 39-13-18.

Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheri, G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 4-93-62, 2-19-98.

Elektron salgysy: iuog@online.tm
Web-saýt: https://iogu.edu.tm/.