Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hazar külkesi
  03.02.2023
1056
Hazar külkesi

Dürli balyklaryň, guşlaryň mekany bolan goja Hazaryň kenarynda ýaşaýan ýerli ilat üçin ähli döwürde-de bu jandarlar esasy azyk-owkatlardan bolupdyr. Kenarýaka ilat balykdan dürli görnüşli tagam taýýarlapdyr. Hatda «gowurma» diýlip atlandyrylan gowrulan balygy hojalyk üçin, ony azyk önümi hökmünde uzak wagtlap saklamak, şeýle-de alys ýola gidýänlere taýýar ýol azygy hökmünde berip goýbermek üçin, ony öz ýagyna gowrup, agaç gaplara ýa-da deri meşiklere gapgaryp, ýaga batyryp goýar ekenler. Şeýle ýagdaýda taýýarlanan balyk gowurmasy uzak wagtlap zaýalanman saklanypdyr. 

Hazar deňziniň dürli baýlyklary, ondaky balyklaryň köpdürlüligi, balygyň adam saglygyny berkitmekde berýän peýdasy barada orta asyrlarda Orta Aziýa syýahat eden arap syýahatçylarynyň galdyran ýazgylarynda hem birnäçe maglumatlaryň bardygyny taryhçy alymlarymyz tassyklaýarlar.

XVIII asyryň ortalaryndan başlap, russiýaly hünärmenler tarapyndan ýörite ekspedisiýalaryň guralmagy netijesinde Hazar deňziniň kenarlary, onuň balyklarynyň görnüşleri we balyk gorlary içgin öwrenilip başlanypdyr. Geçirilen işleriň netijesinde birnäçe balykçylyk hojalyklary döredilip, olar soňlugy bilen balyk senagaty pudagyny emele getiripdir.

Häzirki wagtda hem Hazar deňzi balyklaryň dürli görnüşlerine we uly gorlaryna eýe bolup, ihtiologlaryň, ýagny balykçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň bellemeklerine görä, onda balyklaryň 141 görnüşi, deňziň türkmen böleginde bolsa 61-den gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Olaryň arasynda doky, tirana, bekre ýaly uly balyklar bilen birlikde, ownuk balyklar hem köpdür.

Hazardaky iň uly we uzak ýaşaýan balyk hasaplanýan doky balygynyň 900 kilogramdan, hatda 1 tonnadan hem geçýän uly görnüşlerine gabat gelnendigi, Hazar deňzinden tutulan agramy 966 kilogram, uzynlygy 4,20 metr bolan, takmynan, 75 ýaşan diýlip çaklanylýan doky balygynyň gäbiniň häzirki wagta çenli Astrahan şäheriniň ülkäni öwreniş muzeýinde täsinlik hökmünde saklanylyp gelýändigi munuň subutnamasydyr.

Elbetde, uly balyklar, täsin haýwanat dünýäsi bilen özüne çekýän Hazar deňzindäki iň ownuk balyklar, olaryň häsiýetleri barada bilmegem köpleri gyzyklandyrsa gerek.

Deňizdäki ownuk süri balyklar maşgalasyna degişli bolan iň ownuk balyklaryň biri külke balygydyr. Onuň uzynlygy ortaça 10 — 13 santimetr, agramy bolsa ortaça 8 — 10 grama çenlidir. Olaryň ömri 4-5 ýyl bolýar. Bu balyklar bir ýaşdan soň tohum taşlap başlaýarlar. Külkeler ýaşan döwründe jemi 6 müňden 14 müňe çenli işbil dänejiklerini taşlap bilýärler. Hazar külkeleri, esasan, ýaz-tomus aýlary kenara ýakyn ýerlerde 20 — 30 metr çuňlukdaky suwda, ýylylyk 8 — 10 gradus bolan wagty işbil dänejiklerini taşlap başlaýarlar. Ýylylygyň 25 gradusdan geçmegi bilen, olaryň işbil taşlamak möwsümi tamamlanýar. Külke balyklary deňizdäki uly balyklar, düwlenler, hatda käbir guşlar üçinem iýmit bolup durýar. Şonuň üçin deňzi öwreniji hünärmenler olary «Hazar çöregi» diýip hem atlandyrýarlar.

Olaryň uzakdan görüjiligi esasy gorag serişdesi bolup hyzmat edýär. Galyberse-de, külke balyklaryň beden aýratynlygy, ýagny garnynyň aşaky böleginiň inçe bolup, kelle tarapyna çenli uzap gidýän göwresi olaryň çalt hereket edip bilmegini we tiz ýüzmegini üpjün edýär. Olar gündizlerine uly süri bolup gezseler-de, gijelerine ýyrtyjy balyklardan halas bolmak üçin toparlara bölünýärler. Sebäbi gijelerine külke balyklaryň görüjiligi peselýär.

Külke balyklar suwuň çuň ýerlerinde uzak bolup bilmeýärler. Olar köplenç kenara ýakyn ýerlerde bolýarlar. Olaryň esasy sürüleri gyş aýlary Hazaryň günorta kenarlaryna tarap süýşýär.

Güzerany bu deňiz bilen bagly bolan kenarýaka ilat, beýleki balyklar bilen birlikde, külke balygy ürç edip awlapdyr. Deňziň saý ýerlerinden külke sürüsiniň iki tarapyndan naw bilen baryp, olary uzyn tor bilen tutup alypdyrlar.

Hünärmenleriň kesgitlemegine görä, külke balygynyň etinde adam bedeni üçin ýokumly bolan ýaglaryň hem-de kislotalaryň birnäçe görnüşi jemlenýär. Bu balyklar D witaminine hem-de fosfor, kalsiý, magniý, ftor, demir ýaly, himiki elementlere hem örän baýdyr. Olardaky D witamini dişleriň berk we sagdyn bolmagyna oňaýly täsir edýär. Külke balygy adamyň nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegini hem üpjün edýär. Olar berhiz saklaýan adamlar üçinem örän peýdaly hasaplanýar. Ondan duzlanan, kakadylan, gowrulan, gaýnadylan görnüşdäki, şeýle-de balyk çorbasy ýaly tagamlar taýýarlanylyp, bu tagamlar adam bedeni üçin örän siňňitli bolýar hem-de sowukdan goranmaga ýardam edýär.

Balykçylyk bilen meşgullanan kenarýaka ilat guradylan külke balygy ýörite üwäp, ondan balyk ununy hem alypdyr. Balyk uny mal-gara üçinem örän ýokumly bolupdyr. Näsaglan mala bir hepde külke balygyň uny berlende, onuň sagalan ýagdaýlaryna örän köp duş gelnipdir. Külke balygyndan alnan un hojalykda towuklar üçinem iýmit hökmünde ulanylypdyr. Sebäbi balyk uny berlen towuga asla kesel degmändir, üstesine-de, balyk uny berilýän towuklar günde azyndan iki ýumurtgalapdyr.

Balyk uny soňra dürli eldeki guşlardyr howdanlarda saklanýan balyklar üçin hem ýokumly iýmit hökmünde giňden ulanylypdyr.

Bilermenleriň çaklamasyna görä, häzirki wagtda hem Hazar deňziniň balyk gorlary örän uly bolup, onuň esasy goruny külke balyklar eýeleýär. 

 

Halmuhammet HAJYÝEW.
Türkmenbaşy şäheri.