logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Hasyl toyy
  20.11.2021
858
Hasyl toyy

Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň öňündäki giň meýdançada Ahal welaýat häkimligi, welaýat jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabara öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de ýaşlar gatnaşdy.

             Giň meýdança Hasyl toýuna mahsus görnüşe beslendi. Meýdançanyň iki tarapyna seteran uzalyp gidýän milli ak öýleriň hatary, onuň töweregindäki giň göwrümli sergiler, ajaýyp toýuň ähmiýetini açyp görkezýän şygarlar hem-de beýleki milli öwüşginli tomaşalar ähliniň ünsüni özüne çekdi. Toýçy märeke dutarçy bagşylaryň şirwan perdelere çykyp ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary astynda sergilere aýlanyp gördüler. Welaýatymyzyň oba zähmetkeşleriniň, şol sanda gallaçylarymyzyň, pagtaçylarymyzyň, gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ekerançylarymyzyň ýyl boýy çeken zähmetiniň miwesini şöhlelendiren sergi örän ýakymly täsirleri döretdi. Şeýle hem çörek we çörek önümleriniň, gowaça çigidinden we pagta süýüminden taýýarlanan önümleriň, şol sanda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply dokma önümleriniň sergisi-de baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Pagta harmanlaryny, tyllaýy öwüşginli ak bugdaýly meýdany alamatlandyrýan görnüşler meýdançanyň bezegini artdyrdy.

             Ajaýyp sahnada toý gününiň esasy dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlagy okaldy. Dabarada ildeşlerimiziň birnäçesi gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzyň agrosenagat pudagyny ösdürmek babatynda uly tagallalary edýändigi , zähmet adamlarynyň päk we halal zähmet çekip, bol hasyl öndürmegi hem-de ýurdumyzyň bereket-bolçulygyna goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

             Öňdebaryjy oba zähmetkeşlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly toý sowgatlarynyň gowşurylmagy toý dabarasyna aýratyn many çaýyp, ol ýerdäki ruhubelentligi belende göterdi. Toý öwüşginli sahnany sungat ussatlarymyzyň joşgunly çykyşlary bezedi. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinden gelen aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren belent joşgunly aýdym-sazlarynda eziz Diýarymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň, hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň, zähmet adamlarynyň waspy öz beýanyny tapyp, toýçy märekäniň toý şatlygyna şatlyk goşdy.