“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde halkymyzyň gadymy däp-dessurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ekerançylyk sungaty gaýtadan dikeldilýär. Edermen babadaýhanlarymyzyň, oba zähmetkeşleriniň ýere egsilmez söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbi ýokary derejede gülläp ösýär.
Döwletimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär.
Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de özlerine döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ynha şeýle Ata Watanymyzyň ösüşli günlerinde, ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Köpetdag hasyly” daýhan hojalygynyň çäginde ýerleşýän Annageldi Annaýewe degişli bolan “Üzümli toprak” daýhan hojalygynyň 50 ga. bugdaý meýdanynda Ahal welaýaty boýunça galla oragyna ak pata berildi. Şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp Ak bugdaý etrabynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny isripsiz ýygnamak, şeýle-de günorta arakesmesinde gallaçy babadaýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen yzygiderli Ak bugdaý etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly medeni köpçülik çäresi geçirilýär. Bu geçirilýän aýdym-sazly medeni çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary öz hoş owazly aýdym-sazlary bilen çykyş edip, gallaçy babadaýhanla ruhy-lezzet paýlaýarlar. Üsti öz ýurdymyzda öndürilen nazy nygmatlar belen bezelen türkmen desterhanynyň başynda edermen hasyl ussatlary, hoş owazly aýdymdyr sazlaryň owazyna öz ýadawlyklaryndan saplanýarlar. Geçirilýän dabaralaryň ahyrynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öz işine ussat, ýokary netije gazanan babadaýhanlara ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde edermen babadaýhanlarymyza döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hem-de 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminiň dowamynda geçirilýän bu dabaralar örän guramaçylykly ýagdaýda geçýär. Bu bolsa elbetde biziň edermen babadaýhanlarymyzyň, ýygymçylarymyzyň işe bolan höwesleriniň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.