logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Harby mekdepler harby okuwçylary täze durmuşa ýollady!
  26.05.2023
1164
Harby mekdepler harby okuwçylary täze durmuşa ýollady!

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli çäreler umumy bilim berýän mekdepler bilen birlikde ýurdumyzyň harby mekdeplerinde hem geçirildi. Bu dabaralar iň bir tolgundyryjy, hiç wagt hakydadan çykmajak, ýatlamalara baý pursatlaryň biri boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ähli harby mekdepleri harby okuwçylaryň ençemesini täze durmuşa ýollady. Bilimden öz paýyny alan harby uçurymlar mekdebiň goýnundan durmuş mekdebine gadam basýarlar.

Iň mukaddes hünäri saýlan harby okuwçylar üçin «Soňky jaň» duýgulary has-da tolgundyryjy boldy. Çünki onuň sesi okuwyň tamamlanandygyny däl, Watan öňündäki harby gullugyň, täze mazmunly harby durmuşyň başlanýandygyny aňladýar.

Harby mekdepleriň ýaş watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm orny bar. Sebäbi harby mekdepler döwrebap bilim bermek bilen bir hatarda, harby tälimi hem öwretmek arkaly, ýaş Watan goragçylaryny köptaraplaýyn taýýarlamagy maksat edinýär. Harby okuwçylarda watançylyk, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepalylyk duýgularyny, şonuň bilen birlikde, dünýä derejesine laýyk gelýän etiki, harby we zähmet medeniýetini kemala getirmek, ýokary harby medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, bu işleri türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramak harby mekdebiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.