Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Haly ussadyň döredijilik sergisi
  20.03.2024
481
Haly ussadyň döredijilik sergisi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda birnäçe döredijilik sergiler açylýar. Şol sergileriň biri hem 2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açylan haly sergisidir. Bu serginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilmeginiň hem  uly ähmiýeti bardyr.

 

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew gadymy halyçylyk sungatynyň geçmişini çuňňur öwrenmek bilen birlikde, bu sungatyň geçmişiniň belent bolşy ýaly, onuň geljeginiň hem belent bolmagynyň aladasyny edýän sungat ussatlarynyň biridir. Sergide suratkeşiň we onuň şägirtleriniň 40 sany eserleri görkezildi. Olardan halypanyň “Türkmeniň altyn güýzi” (2007), , “Ezeli kämillik” (2015), “Ýanardagyň ýedi arkasy” (2017), “Bedew” (2021), “Berkarar we Bagtyýar” (2023) ýaly şekilli halylary has tapawutlanýar. Suratkeşiň “Rowaç” (2019) atly şekilli halysynda tebigatyň jana gelen pursatyny görkezmegi, häzirki ýaz paslynyň ilkinji günlerinde has-da duýulýar. Eseriň reňk çözgüdi asmandaky älemgoşaryň owadanlygy, howanyň tämizligi, gök öwüsýän otlaryň we gülleriň açylýan pursatyny, Rowaç diýlen nurana at goýlan taýjagazyň keşbi  nakgaşlyk ýörelgeleriniň peýdalanylmagy esasynda ussatlyk bilen beýan edilýär.

 

Ussadyň döreden “Pazyryk halysy – türkmen halysy” (2004) atly haly eserinde onuň türkmen taryhyna bolan gyzyklanmanyň täsiri duýulýar. Suratkeş gadymy halylarymyzyň esasy ýörelgesini dowam etmek bilen, täze milli haly eserini döredýär. Türkmeniň gadymy halyçylyk medeniýetiniň nusgasy bolan Pazyryk halysynyň, şeýle hem häzirki türkmen haly nagyşlarynyň ösüşiniň netijesinde bütewi eser döredilipdir. Onuň döreden bu işi Pazyryk depesinden tapylan, Sankt-Peterburgyň Döwlet Ermitaž muzeýinde saklanylýan halynyň türkmen halysydygyny subut edýär. Çünki Pazyryk halysynyň nusgasynda türkmen halylaryndaky berk geometrik ülňüler mahsusdyr.

 

Ada Gutlyýewiň “Geçmişiň sedasy – şu günüň ýaňy” (2013) atly eserinde türkmen bedewiniň häsiýeti, onuň içki dünýäsiniň janlylygy we duýgurlygy nepislik bilen suratlandyrylýar. Bäş müňýyllyk taryhly halkymyzyň geçen şöhratly geçmiş ýoluna, şu günki bagtyýar döwrüne we röwşen geljegine bagyşlanan bu haly şöhratly taryhymyzyň ajaýyp nyşany hökmünde Pazyryk halysy, bedew atyň keşbinde Garaşsyzlyk döwrümiziň bagtyýarlygy, ganatlaryny ýaýyp duran ak kepderide bolsa röwşen geljegimiz şöhlelendirilýär.

 

Türkmenistanyň halk suratkeşi suratkeşi Ada Gutlyýewiň döreden şekilli halylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we innowasion däplerini sazlaşykly ornaşdyryp, ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryna nusgalyk mekdebi bolup durýar.

         

Şatlyk Saparow,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.