Türkmenistanyň Halk suratkeşi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýew nakgaşçylyk mekdebiniň ösmegine aýratyn uly goşant goşan şahsyýetdir.
Türkmen halkynyň hakydasynda ömürlik orun alan Magtymgulynyň keşbini döretmegi suratkeş heniz Çeperçilik mekdebinde okaýan döwri arzuw edýärdi. Nakgaş şahyryň dogduk obasy Gerkezde şahyryň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş bolýar. Ol Magtymgulynyň garyndaşlarynyň suduryny çekip, obadaşlaryndan Magtymgulynyň keşbini gözleýär. Edebi çeşmelere ýüzlenip, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew ýaly ýazyjylar bilen maslahatlaşýar. Şeýle irginsiz gözlegleriň netijesinde şahyryň keşbi kemala gelýär.
Aýhan Hajyýewiň çeken azaby ýerine gowşup, onuň döreden portreti iň gowy eser diýlip ykrar edilýär. Suratkeşiň döreden Magtymgulysy şahyryň garyndaşlarynyň arasynda, şeýle-de kino režissýorlaryň, heýkeltaraşlaryň arasynda gyzgyn gollanma eýe bolýar. Suratkeşiň döredijiliginde “Magtymguly zergär”, “Ýanbermez”, “Bir maşgalada”, “Magtymguly-Meňli”, “Magtymguly Pyragy”, “Magtymguly” ýaly täze eserler döräp, suratlaryň birinjisinde Magtymguly ussahanasynda şägirtleriniň arasynda otyran şekilde görkezilýär.
Beýik şahyryň zergärçilik sungaty bilen meşgul bolanlygy bu eser sungat muşdaklaryna ýetirilýär. “Ýanbermez” eserinde duşmanlaryň türkmen taýpalarynyň birine çozan pajygaly pursady şekillendirilipdir. Ýagy şahyryň golýazmalaryny ýok etse-de, onuň ruhuny syndyryp bilmändir. Hut şonuň üçinem türkmen tire-taýpalaryny agzybirlige çagyrypdyr. Aýhan Hajyýewiň “Bir maşgala bolup” diýen eseri-de hut şu barada diýmäge doly esas bar.
Aýhan Hajyýewiň eserleriniň ählisinde zähmet wasp edilýär. Belki, ol nakgaşyň özüniň hem zähmetsöýerligi we kärine wepalylygy bilen baglanşykly bolsa gerek.
Suratkeşiň 1974-nji ýylda çeken “Ilkinji mugallym” atly eserinde ýaş mugallym jöwzaly yssa parh bermän, ýanar oda dönen çägeden kitaplardyr beýleki mekdep esbaplary ýüklenen düýäni idip barýar. Düýe hem ýoldaşy ýaly alysdaky obalara bilim bermäge barýanyna buýsanýan ýaly başyny belent tutup barýar.
A.Hajyýewiň gyzy şeýle belleýär: “Kakam hemişe asyl nugsadan surat çekerdi, şonuň üçin suratlarynda köplenç bizi çekerdi – diýip belleýär. Mysal üçin, “Çeper elli halyçylar” suratynda halypa halyçyny ejemden, onuň gapdalyndaky gyzjagazy-goňşymyzdan, taranyň gapdalyndaky gyzjagaz hem mendim. “Bagtyýar zähmet” atly işinde meniň we ejemiň hem-de doganymyň keşpleri suratlandyrylan. Beýle mysallar kakamyň döredijilginde näçe diýseň bar. “Bar zat geçip, bar zat özgerip dur” diýen eserinde kakam öz keşbini suratlandyrypdy” - diýip belleýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi diwarlaryny bezäp oturan Türkmenistanyň Halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Asyrlaryň arzuwy hasyl boldy” atly eseri halkymyzyň göwün töründe orun aldy. Türkmenistanyň Halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Asyrlaryň arzuwy hasyl boldy” (1962) atly eserinde çöle suwuň gelmegine buýsanýan türkmen ýaşulysynyň keşbini türkmen ruhuna laýyklykda suratlandyrypdyr. Bu eserde Garagum çölüniň ajaýyp keşbi giň gözýetime ýaýylyp gidýär. Eserde peýzaž ikinji görnüşde bolmak bilen eseriň esasy maksadyny açmaklyga ýardam edýär.
Ussat nakgaş Türkmen politehniki institutynda binagärlik kafedrasyny dörediji hasaplaýarlar, ol ömrüniň ahyryna çenli talyplara “surat we nakgaş” dersinden sapak beripdir. Şol wezipede işläp, ol Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup sungaty öwreniş ylymlarynyň professory adyna mynasyp boldy. Aýhan Hajyýewiň döredijiligi, onuň çeper mazmuna baý mirasy milli nakgaşçylyk mekdebiniň baýlygyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ussat halypanyň sarpasy belent tutulyp onuň baý döredijiligi içgin öwrenilýär.
Maýa Halykberdiýewa,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.