logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gyzylarbatdaky halyçylyk kärhanasynda önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar
  30.01.2023
1473
Gyzylarbatdaky halyçylyk kärhanasynda önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Balkan welaýatyndaky Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar aýynda 190 inedördül metr haly dokamak baradaky meýilnamasy möhletinden bir hepdä golaý öň, iki esseden gowrak berjaý edildi. Şunda gürrüňi edilýän ilkinji aýda taýýarlanylan haly önümleriniň pul hasabyndaky umumy möçberi 436 müň manada golaýlady. Bu görkeziji meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňlatman, eýsem geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 120 göterime barabar ýokarlanandygyndan habar berýär. Başgaça aýdylanda, deňeşdirilýän döwürde artyk özleşdirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 73 müň manatlykdan hem köp boldy.

Ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýan bu kärhananyň çeper elli gelin-gyzlary 2023-nji ýylyň ilkinji aýyndan gazanan üstünliklerini halal zähmetleri bilen berkitmegi maksat edinip, şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler.