logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gyzgalaňly pagta möwsümi ýetip geldi
  23.08.2021
771
Gyzgalaňly pagta möwsümi ýetip geldi

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy hem ýetip geldi. Zähmetsöýer daýhanlar “Ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Indi esasy wezipe ýetişdirilen hasyly soňky übtügine çenli ýygnamakdan hem-de Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrmakdan ybaratdyr. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ekerançylary hem häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümine ýokary depginde taýýarlyk görýärler. Olar geçen ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem 35730 müň tonnadan gowrak ak altyny watan harmanyna tabşyrmaga borçlanýarlar. Sarahs etrabynyň ekin meýdanlaryndan gowaça üçin bölünip berilen ýerlerinde orta süýümli we inçe süýümli pagtanyň iň gowy sortlary ekildi. Pagtaçylar we mehanizatorlar häzirki wagtdan “Ak altynyň” borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin arman zähmet çekýärler. Pagta ýurdumyzyň dokma senagaty üçin esasy çig mal hasaplanylýar. Häzir ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň çykarýan ýüpligi, matalary, şolardan taýýarlanylýan önümler dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň dokma önümleri bilen üstünlikli bäsleşýär.