Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Tebigat /Guýular barada
  03.02.2023
1504
Guýular barada

Guýular halkymyzyň ata-baba ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda, Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirki günlerimizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen suw üpjünçilik desgalary has-da kämilleşdirilýär.

Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip, miras galdyran guýy gazmak sungatynyň hünärmenleriniň gürrüňlerini diňläniňde, onuň hem juda çylşyrymly senetdigine göz ýetirmek bolýar. Guýy gazmaga örän sagdyn hem ussat, dogumly adamlar saýlanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji kitabynda Garagumuň jümmüşinde müňlerçe guýularyň bardygy, ýöne şolaryň süýji suwlularyny bilýän ýörite ýolbelet adamlaryň bolandygy bellenilýär. Ol ýoldan geçen söwda kerwenleriň süýji suwly şol guýularyň ýerleşýän ýerini bilýän ýolbeletleri ýanlary bilen alyp gidendigini Gahryman Arkadagymyz öz kitabynda belläp geçýär.

Guýyny gazmak üçin, ilkinji nobatda, ýerasty suwlaryň bar ýerini takyklamaly bolupdyr. Onuň üçin gara oýlarda, esasan, ýandagyň bitýän ýerleri saýlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, ýandagyň kökleri ýeriň örän çuň gatlaklaryna aralaşyp, şol gatlaklardaky suwy tapýar. Suwly ýeri guýy gazýan ussalar ýandagyň pürüni çeýnäp görüp kesgitläpdirler. Guýy gazmak üçin 3 ýa-da 4 adam bolup işläpdirler. Guýynyň agzynyň giňliginiň ölçegi 1 metr 40 santimetr bolup, ýeriň suw çykjak gatyna çenli gazylyp giňeldilipdir. Gazylan ýeriň diwarlarynyň opurylmazlygy üçin ata-babalarymyz ýylgyny peýdalanypdyrlar. Ony gyzgyn suwa batyryp goýup, guýy gazylyp barýan pursady her 1 metrden diwarlaryna töwerekleýin, küşt görnüşinde örüpdirler, olar pese tarap giňeldilip äkidilipdir.

Türkmen halk döredijiliginiň ummasyz köp görnüşleriniň arasynda matallardyr tapmaçalar aýratyn orun eýeleýär. Şol gadymy döredijilik gymmatlyklarymyzyň birinde: «Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden» diýlip bellenilmegi hem irki döwürlerde guýynyň diwarlarynda ýylgynyň ulanylandygyny delillendirýär.

Ussalar «tegek» diýlip atlandyrylýan agajyň üstüne münüp, guýynyň içine giripdirler. Ol adamyň bileginiň ýogynlygyndaky iki garyş uzynlykdaky sözen agajydyr. Tegekde ussa dik duran ýagdaýynda guýa girip çykýar. Ýöne käriz guýularynda bu usul ulanylmaýar. Onuň ýerine iki aýagyň uýlugyndan geçirilip saklanylýan halkalar bolýar. Oňa «eşek» diýlipdir. Guýynyň daşynda gumdan doldurylan torbany çekýän we sowýan adama «dolybaşy» diýipdirler. Guýynyň agzynda çarhy saklaýan goşa agaja «utun», ýüp asylýan halka «çarh», çarhyň içinden geçip, utunlara berkeýän okuna bolsa «basran» diýilýär. «Agyzlyk» guýynyň gapagynyň atlandyrylyşydyr.

Ussalar guýyny gazyp, 18-20 metre çenli ýetirenlerinden soňra içiniň gumuny çekip daşyna çykarmakda düýäni ulanypdyrlar. Häzirki wagtda bolsa düýäniň ýerine tehnika peýdalanylýar. Guýynyň «çowluk» diýlip atlandyrylýan bölegi giňeldilip, ol 4-5 tonna suw saklanar ýaly edilip gazylypdyr. Ussalar suwly çägä baranlarynda «gowa» ulanýarlar, ol taýýar guýudan suw çekmekde hem peýdalanylýar.

Ata-babalarymyz örän ugurtapyjy bolup hiç bir zady isrip etmän, ýerlikli peýdalanmagy başarypdyrlar. Türkmeniň täsin senediniň biri hem guýynyň gowasyny ýasamak sungatydyr. Gowa 7-8 ýaşar öküziň hamyndan tikilip, agzy hemişe açyk bolar ýaly atanaklaýyn hajça ýasalyp berkidilýär. Onuň agzyny şol görnüşe getirip deşmekde pyçak ulanylman, hamyň ýyrtylmazlygy üçin gyzdyrylan demir ulanylypdyr. Gowa mallary suwa ýakmakda peýdalanylýan ähmiýetli serişde bolup, ol suw çekip çykarmakda peýdalanylýar. Oňa, takmynan, 150-200 litr möçberinde suw sygypdyr. Guýynyň gapdalynda ýörite gowa saklamak üçin niýetlenen «zerdap suwy» bolup, gowa peýdalanylandan soň, ony şol suwda goýupdyrlar. Düzüminde duzuň we hekiň ergini bolan ol suw gowanyň gowy saklanmagyna ýardam edipdir we gurap, gatap ýarylmak howpunyň öňüni alypdyr.

Guýyudan çekilen gowadaky suw sowlup, nowa dökülýär. Ondan soň hem nowa birigip gidýän ahyra tarap suw gidýär. Nowa guýa görä, oňarylypdyr. Il arasyndaky «Guýusyna görä nowasy» diýen nakyl hem şol sebäpli biziň günlerimize ýetipdir. Goýun sürüsiniň suw içýänine «ahyr» diýlipdir. Könelerimiziň: «Suw bar ýerde, laý hem bar» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, köp wagt ulanylan guýynyň içinde laý üýşüp, gömülýär. Ony täzeden dikeltmäge hem ussat ussalar iş alyp barýarlar. Öň ulanylan guýyny täzeden gazyp, dikeltmeklige «hamra» (hamrasyny aýyrmak) diýlipdir. Ol gömlen ýerinden pese 3-4 metr, kähalatlarda bolsa 6-7 metre çenli gazylypdyr. Guýy gazmakda teşe, kerki, palta, çapgyç, çekiç, gilmala ýaly gurallar ulanylýar.

XIX asyrdan soň gazylan guýularda bolsa ýylgynyň ýerine örülen sim ulanylypdyr. Çägeli ýerlerde guýy gazylsa, diwaryna örülen simiň üstünden kerpiç örülipdir we üsti suwalypdyr. Tagtabazar etrabynyň Gojaly obasynyň Şahym guýuçy diýlip tanalýan ýaşaýjysy Şahymerdanguly Söýegowyň aýtmagyna görä, guýularyň pese garşy gidýän uzynlygy dürli-dürli bolup, olaryň sekiz görnüşi tapawutlandyrylypdyr. Ussa, esasan, çöl guýularyny gazýan hünärmen hökmünde tanalýar. Etrabyň «Ýaşlyk» daýhan birleşiginde 1974-nji ýylda gazylan Ýolbarsly, Çeşme we Börükli ýaly guýularyň gazylan ýerlerinden 28 metrden suw çykanlygyny ussat hünärmen bellemek bilen, şol guýularyň ýerleşýän ýerinde gadym döwürlerde derýa hanalarynyň bolandygyny nygtaýar. Käbir guýular 50-70 metre çenli uzalyp gidýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, umumadamzat bähbitli syýasaty netijesinde Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynda 138 guýy bar. Hojalykda ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy üçin tehniki howpsuzlyk inženeri Kemal Agamyradow, guýulara gözegçilik edýän hünärmen Merdan Amandurdyýew dagy guýularyň tehniki taýdan abatlygyna gözegçilik edýärler.