logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Guşçulyk toplumy
  31.03.2020
1256
Guşçulyk toplumy

    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çäginde alyp barýan işleri barha ilerleýär. Welaýatyň çäginde ykdysadyýetiň döwlete dahyly bolmadyk pudagynyň wekillerine degişli hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň we daýhan hojalyklaryň onlarçasy hereket edýär. Welaýatyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Röwşen—Rahym” daýhan hojalygyny hem şolaryň hatarynda agzamak bolar.  

      Halkymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümlerimiz bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly agrosenagat toplumynyň kämil düzümini emele getirmek we tarp ýerleri özleşdirmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek babatdaky tagallalaryna saldamly goşant goşýan bu daýhan hojalygynyň giň çäginiň bir bölegini döwrebap guşçulyk toplumy eýeleýär.  Gürrüňi edilýän toplumyň geçen ýylda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlenine garamazdan, bu gün onuň işi giň gerim aldy.  

         Ýyllyk kuwwaty 30 million ýumurtga, 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumy binalaryň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda towuklary talabalaýyk idetmekde we köpeltmekde ýokary derejedäki şertler bar. Toplumyň çäginde towuklary idetmäge niýetlenen inkubatoryň birnäçesi bolup, şolarda birbada towugyň 100 müňüsini saklamaga mümkinçilik göz öňüne tutulypdyr. Häzirki wagtda ol ýerde  towugyň onmüňlerçesi idedilýär. Olaryň her biri 90 hepdäniň dowamynda 400-e çenli ýumurtga bermäge ukyplydyr. Towuklardan  alynýan ýumurtga we et önümleri ak bazarlarda we söwda nokatlarynda gyzgyny bilen ilata ýetirilýär.