Her gün irden ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň täze sanlary bilen ýakyndan tanyşmak, meniň adaty bir endigime öwrülipdi. Ine, bu günem säher bilen milli metbugatyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 10-njy ýanwaryndaky täze sanlaryna göz aýlap durkam, «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň 7-nji sahypasynda «Üns beriň, bäsleşik» diýen ýazga gözüm düşdi. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly bu döredijilik bäsleşigiň düzgünnamasy meniň ünsümi özüne çekdi.
Edil şol pille, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 23-nji awgustynda Mary welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde beren toý sadakasynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýewden «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýen aýdymy ýerine ýetirmegini haýyş eden taryhy pursady birden hakydamda janlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň milli ýörelgesiniň esasynda ýaşy uly nesillere, şeýle-de zenanlara bolan hormaty dabaralandyrmakda hemmämize nusgalyk görelde. Menem Milli Liderimiziň bu nusgalyk göreldesine eýerip, bäsleşik üçin 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken, 8 çagany, 27 agtygy, 40 çowlugy terbiýeläp ýetişdiren 93 ýaşly zenan goňşymyz barada makala ýazmagy ýüregime düwdüm. Berdinazar aga diýmeýärmi näme:«Kim bilip dur bir ýyldan soň giç bolar» diýip. Men şobada, diňe bir öz agtyklarynyň, çowluklarynyň däl-de, eýsem tutuş köçämiziň ýaşaýjylarynyň örän çuňňur hormat goýup, «ene» diýip ýüzlenýän mähriban ýaşuly zenany Ogulmiwe Gurbandurdyýewanyň ýanyna bardym. Ak saçly, güler ýüzli nurana ene radio diňläp, sag aýagynyň başam barmagyna sapaklary ildirip, alaja örüp oturan eken. Onuň endige öwrülen mähirli sözler bilen salamlaşyp, garşylamasyndan soňra, oňa öz niýetimi mälim etdim:
– Ene, «Ahal durmuşy» gazetinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilipdir. Siz bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwür bilen galkynan uzak ýaşly bagtyýar zenansyňyz. Hut şu nukdaýnazardan-da, men Siz bilen eşretli döwrümiziň zenanlara goýýan belent sarpasy, uzak ýaşly ak saçly enelerimize goýýan çäksiz hormaty, ajaýyp zamanamyzyň özbuluşly bir gadyr-gymmaty barada söhbetdeş bolup, Siziň beren gürrüňleriňiz esasynda bäsleşige niýetläp makala ýazmak üçin Siziň ýanyňyza ýörite geldim.
— Gaty, gowy edipsiň, oglum. Ýöne, bu ajaýyp döwrümiziň zenanlara berýän ünsi baradaky gürrüňler bir ýa iki makalalykdan has giňdir, bala. Bäsleşigiň ady: «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» diýdiňmi?
— Hawa ene.
— Gaty ýerlikli at goýupdyrlar oglum. Hakykatdan-da, bu zamana zenanlaryň sarpasyny belent tutýan, baky bahar-ýazly bagtly zamana. Men 93 ýaşy arka atdym. Emma, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren şu ajaýyp zamanasy ýaly döwri hiç görmedim. 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda Milli Liderimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, alnymyzdan ak gün dogdy. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
— Ene, «Türkmen medeniýetiniň taryhy» atly kitapda okan maglumatlaryma görä, şu ýyl Halkara zenanlar gününiň bellenilýänine 100 ýyl ýagny 1 asyr bolýar. Sizem tüweleme, ene bu şanly sene bilen ýaşytdaşrak bolaýýaňyz-da — diýip, degişdim
— Şeýleräk öýdýän. 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň baýram edilýändigini men 7 – 8 ýaşlarymdan bäri bilýärin. Biziň çagalyk döwrümizde radionyň ýaňy ýaýrap başlan döwürleridi. Şol wagtlar kolhozlarda eşitdirilýän radio bütin oba bolup, üýşüp diňlenilerdi. Şonda çagajygam bolsam bilýän, radioda «Gelin-gyzlaryň 8-nji mart baýramy gutly bolsun» diýen gutlagdan soň aýdym-sazlar, goşgular eşitdirilýärdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip terbiýelän enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar. Döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitiren zenanlara bolsa «Zenan kalby» ordeni gowşurylýar.
— Ene, ýaňy sözüňiziň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen döredilen «Ene mähri» diýen hormatly at bilen «Zenan kalby» ordeni barada aýdyp geçdiňiz welin, bu döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zenanlara döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler we şertler meniň göz öňümde janlandy. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.
Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlara diş protezleri hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden, şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Ine, döwletimiziň zenanlara goýýan egsilmez gadyr-gymmaty şu.
«Sanasaň sogaby bar» diýleni. Hawa, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak hem tölenilýär. «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanan raýatlar hem ortaça aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp we diňleýji hakyna ortaça aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
— Gör-ä, ony nähili uly bagt. Ynha, ýönekeýje mysal. Özi hem öz durmuşymdan. Men 1967-nji ýylda 7 çagany dünýä indirip, terbiýeleýänim üçin 2-nji derejeli ene medaly, 1970-nji ýylda bolsa 8 sany çagany dünýä indirip, terbiýeleýänim üçin 1-nji derejeli ene medaly, 1972-nji ýylda 3-nji derejeli «Ene şöhraty» diýen orden, 1975-nji ýylda 2-nji derejeli «Ene şöhraty» diýen orden, 1947-nji ýylda «1941 – 1945-nji ýyllarda tylda zähmet çeken weteran» diýen şahadatnama, 1981-nji ýylda "zähmet weterany" diýen medal bilen sylaglandym.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagalasy bilen, 2007-nji ýylda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteran zenanlar täzeden hasaba alnyp, olara täzeden zähmet weterany diýen şahadatnamalar berildi we döwlet goldawyna degişli edildi. Şondan bäri menem, sekiz çagany dünýä inderip terbiýeläp ýetiştiren ene hökmünde, tylda zähmet çeken weteran hökmünde gazdan, tokdan, suwdan, telefon aragatnaşyk ulgamyndan mugt peýdalanyp gelýän. Weteran zenan hökmünde oba saglyk öýüniň lukmany, şepagat uýalary tarapyndan saglygyma-da gowy seredilýär, saglygym üçin ulanmagym zerur bolan dermanlary dermanhanalardan mugt almaga mümkinçilik berilýär. Her baýramçylykda, aýratyn-da 8-nji mart Halkara zenanlar gününde we 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň 9-njy maý Ýeňiş gününde biz ýaly tylda zähmet çeken weteran zenanlara Milli Liderimiz bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbaha sowgatlar gowşurylýar. 2020-nji ýylda men «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandym.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen zenanlaryna aýratyn-da, biz ýaly ak saçly ýaşuly zenanlara çäksiz hormat goýýar.
— Ene, gelenimden bäri, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa barada birgiden söhbet etsegem, tüweleme, siz gürrüň berip otyrkaňyzam, enaýy edip alaja örüp otyrsyňyz. Şu ýaşyňyzda alajany täsin edip örüşiňize, häliden bäri haýran galyp otyryn.
— Haýran galyp oturasy zat ýok ogul. Bu bir meniň üçin çagalykdan bäri endige öwrülip giden iş. Meniň çaga döwürlerimde türkmen maşgalasynda gyzjagazlar aga-gara düşünip ugranyndan olara alaja işmek, örmek işi öwredilýärdi. Menem 7-8 ýaşlarymdan bäri alaja örmek ýa-da işmek bilen meşgullanyp gelýän. Alaja taýýarlamaklygy özüm 7 – 8 ýaşlarymda öwrenemsoň, dört sany gyzyma-da, agtyklaryma-da, çowluklaryma-da şol ýaşlarda öwretdim. Häzir men 93 ýaşymda. Hawa, ömrümiň 85 ýylyny alaja örmek ýa-da işmek bilen meşgullanyp geçirdim. Ýöne beý diýsem, men 93 ýaşymyň 85 ýylynyň her bir gününi alaja örüp ýa-da işip geçirendirin öýdäýme. Men 7-8 ýaşlarymdan pygamber ýaşyma çenli her ýylyň gyş aýlary ýa-da elimiň boşrak wagtlary alaja ördüm ýa-da işdim. 63 ýaşymdan häzire çenli bolsa, her günümi alaja örmek ýa-da işmek bilen geçirýän diýsemem bolýar. Adam garransoň, hökman bir iş bilen güýmense gowy. Şonuň üçinem men alajanyň dürli görnüşlerini taýýarlaýaryn. Öz elim bilen ören ýa-da işen alajalarymy töweregimiň, goňşy-golamlarymyň, garyndaşlarymyň toý-baýramlaryna sowgat edýärin. Şeýle-de meni arzylap «Otyrmysyňyz?» diýip, ýagdaýymy soramaga gelenlere hem özümden ýadygärlik hökmünde berip, goýberýän. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz diňe bir türkmen zenanlarymyza çäksiz hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan alaja taýýarlamak ýaly türkmen milli el işlerine, keşdeçilik sungatyna, nepislik bilen dokaýan türkmen halysyna hem ýokary baha berip, milli gymmatlyk hökmünde diýseň uly hormat goýýar.
— Dogry aýdýaň ene, türkmen milli el işleriniň, keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem, türkmen halylarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy hem, munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bir seretsem, goňşumyz Ogulmiwe ene bilen çaý başynda eden täsirli söhbedimiziň özi bir makala bolaýypdyr. Türkmen zenanlaryna we olaryň el işlerine çäksiz hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!
Toýly JÄNÄDOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.