logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Interesting /Grafen metaly
  20.04.2022
1221
Grafen metaly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wilýam Marş Raýs ylmy barlag uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan uglerod galyndylaryndan grafen öndürmäge şert döretýän usuly oýlap tapdylar. Professor Jeýms M.Turuň ýolbaşçylyk etýän toparynyň taýýarlan usuly arkaly düzüminde uglerod bolan iýmit, plastmassa we beýleki galyndylardan grafen öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanyp bolýar. Uglerod atomynyň alty burçluk görnüşli gurluşynyň her birine grafen diýilýär. Häzirki döwürde galyndylar, dürli materiallaryň çig malyny almak üçin peýdalanylýar. Şeýle-de ýakylmak arkaly ýylylyk we elektrik energiýasy öndürilýär.

Hünärmenler galyndylary daşky gurşawa zyýansyz ýagdaýda ýok etmek we ondan has netijeli peýdalanmagyň ýollaryny gözleýärler. Uniwersitetiň oýlap tapan usulynda çig mal elektrik energiýasyndan peýdalanmak arkaly bary ýogy 10 milli sekundyň dowamynda 2727 derejä çenli gyzdyrylýar. Bu ýagdaý bolsa uglerod atomlaryndan emele gelen ähli himiki baglanyşyklary bozýar hem-de materialdaky kislorod we azot ýaly beýleki elementleri bugardýar. Material çalt ýagdaýda sowadylanda grafen gatlaklary emele gelýär. Önümçilik wagtynda ýylylyk bölünip çykmaýar. Artykmaç energiýa bolsa gaty gysga wagtyň içinde ýagtylyga öwrülýär. Bu usul arkaly alnan grafeni gurluşyk senagatynda ulanmak hem örän amatlydyr. Alnan çig mal semente 0,02 göterim mukdarynda garylsa, betonyň berkligi 35 göterim ýokarlanýar.

Howanyň we topragyň hapalanmagynyň öňüni almaga soňky ýyllarda global derejede uly üns berilýär. Howanyň hapalanmagy adam tarapyndan döredilen önümçilik we ulag hereketleriniň netijesinde ýüze çykýar. Täze oýlanyp tapylan usul arkaly gurluşyk pudagynda sementiň ulanylyşyny azaltmak bolar. Bu usulyň elýeterli we täjirçilik maksady bilen ulanmaga amatlydygy bellenilýär.

Sona ARAZGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.