logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär
  29.07.2021
625
Gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär

“Türkmenistan – parahtçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny pagtaçylykda belent sepgide beslemek hyjuwy bilen zähmet çekýän gadymy Ahal ýaýlasynyň pagtaçy kärendeçileri şu günlerde gowaçanyň idegini birkemsiz ýetirmekde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Olar Tejen etraby boýunça 34 müň gektarda gowaça ekine ösüş suwlaryny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini sazlaşykly alyp barýarlar.

Bu ugurda häzirki günlerde gowaçanyň ujuny çyrpmak işi hem pagtaçylykda möhüm agrotehniki çäreleriň biridir. Tejenli kärendeçiler “ak altyn” ussatlary gowaçanyň ujuny çyrpmakda ozalky ýyllarda toplanan baý daýhançyklyk däplerine we ylmyň gazananlaryna bil baglaýarlar. Şeýle bolansoň, şu günler olar gowaçanyň ujuny çyrpmak işine aýratyn ähmiýet berýärler. Bu işde etrabyň daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti bilen ýokary netijeleri görkezýärler.

Şu günlerde ekerançylyk meýdanlarynda gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýän ideg we bejergi işleriniň mehanizleşdirilen sanly tehnologiýalar we telematik ulgam arkaly ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýär.

         Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan sazlaşykly işler ekiniň bol hasyl toplamagyna şert döredýär.