logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Geljek ýyl «Gazprom» kompaniýasy Türkmenistandan 5 milliard kub metr tebigy gazy satyn alar
  13.12.2022
986
Geljek ýyl «Gazprom» kompaniýasy Türkmenistandan 5 milliard kub metr tebigy gazy satyn alar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy - 2023-nji ýylda Türkmenistandan 5 milliard kub metr tebigy gazy satyn almagy meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda Russiýa tebigy gaz ibermegi gaýtadan ýola goýdy. Häzirki wagtda dowam edýän şertnamanyň möhleti 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanýar. Ylalaşykda 5,5 milliard kub metr möçberindäki türkmen gazynyň Russiýa her ýyl eksport edilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasyna 4 milliard kub metr gaz iberdi, 2020-nji ýylda bolsa bu görkeziji 4,7 milliard kub metre ýetdi. 2021-nji ýylda eksport iki esse artyp, 10 milliard kub metre çenli ýokarlandy.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we «Gazprom»-yň ýolbaşçysy Alekseý Miller Aşgabatda geçirilen duşuşykda Russiýanyň häzirki şertnamasy boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

 

Muhammedali KERIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.