Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gelip gowşan döwerebap uçarmanlar
  09.08.2021
378
Gelip gowşan döwerebap uçarmanlar

Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň maddy-tehniki taýdan üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine doly gabat gelýän Türkmenistanyň Harby doktrinasynda eziz Diýarymyzda parahatçylygyň, asudalygyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Goşunlaryň dürli kysymlarynda sazlaşykly hereketleri işläp taýýarlamak maksady bilen, harby-taktiki okuwlar geçirilýär. Olar harby gullukçylaryň hünär derejesini, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny artdyrmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem-de üpjünçilik taýdan häzirki zaman derejesine laýyklykda kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Şol bir wagtyň özünde harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin aňrybaş şertleri döretmek, goşunlaryň ähli kysymlary üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Bu bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna ýardam edýär.

Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzda parahat, asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýar. Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişligi boýunça ygtybarly goragyny üpjün edýän kämil tehnikalar, harby edaralaryň şahsy düzüminiň birkemsiz gulluk etmegi üçin döredilýän şertler halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmeginiň, abadan durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilýär.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak il ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.