logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Geçen hepde geleşikleriň 53-si hasaba alyndy
  25.04.2022
869
Geçen hepde geleşikleriň 53-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 37 million 509 müň manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen motor ýagyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.