logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Geçen aýda Türkmenistanyň banklary tarapyndan 27835 sany bank karty resmileşdirildi
  07.12.2022
1161
Geçen aýda Türkmenistanyň banklary tarapyndan 27835 sany bank karty resmileşdirildi

Türkmenistanyň banklary tarapyndan geçen aýda 27835 sany bank karty resmileşdirildi. Ýurtdaky banklar tarapyndan resmileşdirilen töleg kartlarynyň möçberi 1-nji dekabr ýagdaýyna görä, 5 million 142 müň 815-e barabar boldy. Bu barada, Türkmenistanyň Merkezi banky belläp geçýär.

Türkmenistanyň ilatynyň iň köp ulanýan bank kartlary «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan resmileşdirildi. Bu iki bankyň şu döwre çenli degişlilikde 1 million 849 müň 622 sanysy we 999 müň 329-sy resmileşdirildi. 1-nji dekabra çenli iň köp bank kartlary, has dogrusy, 1 million 767 müň 164 sany bank karty Aşgabat şäherindäki, 915 müň 941 sanysy Mary welaýatyndaky banklar tarapyndan resmileşdirilip ulanyşa goýberildi.

Şeýle hem 1-nji dekabr ýagdaýyna görä, ýurtda jemi 2148 sany bankomat hereket edýär. Şonuň iň köp bölegi, has takygy, 454 sanysy Aşgabat şäherinde, 446 sanysy Mary welaýatynda we 441 sanysy hem Lebap welaýatynda hereket edýär. Dekabr aýyna çenli ýurdumyzyň banklary tarapyndan 922 müň 110 müşderi «Internet bank», 59 müň 421 müşderi hem «Mobil bank» hyzmatyna birikdirildi.