Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Garpyzy ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy
  04.12.2023
280
Garpyzy ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Garpyzy topraga ekilenden soň 5-7 günden gögerip çykýarlar. Gämikler iki gezek ýekelenýär. Birinji ýekelemek hakyky ýaprajyk ýaňy peýda bolanda geçirilip 5 ösümlikden ikisi goýulýar. Ikinji ýekeleme işi iki sany hakyky ýaprak çykandan soň amala aşyrylýar. Bu iki gämikdäki iki ösümligiň ösüşden galanyny aýryp, bir sany sagdyn öserini ösmek üçin goýmak bilen amala
aşyrylýar. Garpyz gögerip çykandan soň, iýmitlendirmek, suw tutmak, topragy ýumşatmak, mör-möjeklere we hapa-haşal otlara garşy göreş ýaly derwaýys işler geçirilýär.

 

 

Suwarymly şertde garpyzyň gektardan 160-180 sentner hasyl alynýar.Hasyl ýygnamaklyk pazyl ýatyp, miweleriniň hemmesi ýygnalýança gaýtalanýar. Garpyzyň oýtaklarda ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary.Garagum çölünde, kak suwlarynyň ýygnanan “oýtaklarynda” ýagny çöket çägeli ýerlerde bakjaçylarymyz tarapyndan, gysga wagtyň içinde ýokary hasyl alýandygy bellidir. Şeýle şertlerde ösdürilip ýetişdirilen garpyz miweleri ýuka gabykly, müçesi boýunça kiçi, tagamy adatdan daşary süýji bolýar. Oýtaklarda garpyz ösdürip ýetişdirmek üçin, çörek çägeli ýerleriň daş-töwereginiň sazak we başga görnüşli çöl ösümlikleri ýygjam oturdylýar. Şemal çägäni süýşürmez ýaly oturdylan ösümliklere keseligine selin daňylyp berkidilýär. Kak suwlaryndan 50-60sm daşlykda toprak ekişe taýýar edilýär, ýagny arassalanýar we ýumşadylýar. Apreliň 8-10-na çygly çigitler 4-5 sandan gämiklere, 8-12 sm çuňluga taşlanýar. Ekiş geçirilende, çägäniň yzgara çenli üsti pil bilen gyrylyp aýrylýar. Soň garpyz ekilýär.Ekilen gämik ýeri ýitmez ýaly çybyklary deşip bellikler edilýär. Her gämigiň daşy şemal çäge syratmaz ýaly tutup çybyklary we selin bilen garalýar. Bu usulda gämikler kak suwunyň daşynda 40-60sm aradaşlykda ýerleşýärler. Gämiklerde garpyz gögerip çykandan soň, iki sanysyndan başgalary ýekelenip aýrylýar. Gämikleriň düýpleri ýumşadylýar, hapa-haşal otlardan arassalanýar. Çägede ýetişdirilen garpyzyň biýarasynyň gollary gysga bolar, ýagny 60-80sm-den geçmeýär. Miweleri 55-60 günde tiz bişip ýetişýärler. Miweleri saýlanyp ýygylýar. Hasyllygy gektardan 70-80 sentner alyp bolar. Iýmit doly ýetmedik garpyzyň ýapraklary kiçi, baldaklary inçe bolup ösüşden galýarlar. Bu usulda oýtaklarda garpyz ýetişdirmekde çykdajy az bolýar. Ahal welaýatynda çöllük ýerlerde garpyz ösdürilip ýetişdirilende baý tejribeler toplan garpyzçylarymyz we kärendeçilik-mülkdarlyk şertlerinde oňat zähmet çekip garpyzdan ýokary hasyl almaklygyň döwrebap göreldesini görkezýärler.

 


Selime ROZYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.