logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Garpyz çigidiniň peýdaly häsiýetleri öwrenildi
  11.07.2022
1070
Garpyz çigidiniň peýdaly häsiýetleri öwrenildi

     Adaty lukmançylyk  garpyz we garpyz önümlerine ýokary baha berýär. Sebäbi garpyz önümleri peşew kislotasyny we şonuň bilen birlikde zäherli birleşmeleri bedenden çalt çykarmaga ýardam berýär. Bu dermanlyk häsiýet peşew ýollarynda döreýän keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Garpyzyň tohumlary  esasan erkek adamlar üçin has peýdalydyr. Ýagny, bedendäki mäzleriň işleýşini sazlaýar, düzüminde seleniň we sinkyň mukdarynyň köp bolmagy adenomanyň (epitelide döreýän çişler)ösmeginiň öňüni alýar we jyns işini kadalaşdyrýar.

 Belok düzümi (35%) myşsa massasyny saklamak we bedeniň sarp edýän energiýasyny  doldurmak üçin aminokislotanyň ýeterlik saklanýan gory  hasaplanýar. Garpyz çigidinde adam üçin has peýdaly dört sany aminokislota saklanýar: triptafon , glýutam turşusy, lizin, arginin. Arginin ýürek myşsasyny goldaýar, gan basyşy kadalaşdyrýar, töwekgelçiligi peseldýär.

Iň bir täsirlisi garpyz çigidi- görüşi gowulaşdyrýar, et , dyrnak ,saç saglygyny goramaga  ýokary derejede kömek edýär.

Garpyz tohumyny çyglygyna iýmeklik maslahat berilmeýär. Ony gowrulan görnüşde kabul etmek has peýdalydyr.

           Garpyz çigidini nädip gowurmaly?

1.Garpyz çigidini ýuwup, mata bölegine dolap, guratmaly.

2.Gyzyp duran saja tohumlary atmaly we 6 minudyň dowamynda gowurmaly.

3. Bir stakan suwy 1 çemçe duz bilen garmaly,taýýar ergini sajyň içine sepelemeli.

4.Suwy siňýänçä garyp gowurmaly.

 

Oguljemal BATYROWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby