Syýahatçylyk pudagynyň ekosyýahatçylyk görnüşini guramak üçin ýurdumyzda tebigatyň ajaýyp ýerleriniň ençemesi bardyr. Häzirki wagt-da, şol ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle ýerleriň biri hem, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasydyr. Bu barada Hormatly Prezidentimiz özüniň Bitarap Türkmenistan atly kitabynda: ,,ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň tebigy taýdan gözel künjeklerini girizmek babatda-da işler alnyp barylýar. Muňa Bathyzyň we Köýtendagyň ajaýyp tebigatyny özünde jemleýän goraghana zolaklary, dünýäniň iň uly çölleriniň biri – Garagum çöli degişlidir.” diýip, belläp geçýär. Bu sözleri okanyňda Garagum sährasynyň syýahatçylyk baýlygy hökmünde ähmiýetiniň ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar. Garagum sährasy ýurdumyzyň ýer üstüniň 80%-ne golaýyny eýeleýär. Onuň umumy tutýan meýdany 350 müň inedördül kilometre ýetýär. Garagum sährasy gündogarda Amyderýanyň çep kenaryndan gaýdyp, günbatarda tä Hazar deňziniň bäri kenaryna çenli, demirgazykda Üstýurt gyrlarynyň bäri eteginden gaýdyp günortada Köpetdagyň gerişlerine çenli aralykda ýaýylyp ýatan ýeri eýeleýär.
Garagum sährasy öz çäginde üç bölege bölünýär. Ýagny olar: Merkdezi Garagum, Üňüz aňyrsy Garagum we Günorta-Gündogar Garagum diýen böleklere bölünýär. Garagum sährasynyň taryhy barada aýdanyňda onuň häzirki tutýan çäklerini Hazar deňziniň eýeländigini barada taryhy çeşmeler maglumat berýär. Bu maglumatlara çölden tapylan balykgulaklar şaýatlyk edýär. Bu çölüň esasy aýratynlygy haýwanat dünýäsi bilen bir hatarda ösümlik dünýäsine hem baý bolmagydyr. Garagum çölünde ösümlikleriň köp bolmagy öň çöliň deňziň düýbi bolandygy bilen düşündirilýär. Ösümlik dünýäsine baý bolandygy sebäpli hem Garagum çölüni sähralyk diýip hem atlandyrylýar. Bu ýerde:ojar, sazak, jerkez, çogan, gandym, borjak ýaly gyrymsy agaçlar ösýär. Garagum çölünde çäge-çagylly, ownuk gips daşly, toýunly we toýunsow, şor çöllere gabat gelinýär. Umuman aýdanyňda Garagum sährasy göneşli howa baýdygy, geň-enaýy ösümlik we haýwanat düýäsiniň aýratylygy bilen ekosyýahatçylygy guramaga uly şertler döredýär.
Bu ýerdäki ösümlikler adamyň saglygyna belli bir derejede özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek, daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan ekologiýa syýasaty mähriban Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny öwrenmek üçin amatly şertleri döretýär. Şu syýasatdan ugur alyp, ýurdumyzda seýrek duşýan we ýitip barýan ösümlikleriň, haýwanlaryň sanyny dikeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň biodürliligini gorap saklamak, köpeltmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki güniň wajyp meseleleriniň biridir. Şu maksat bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda Garagum çöliniň merkezinde ,,Bereketli Garagum” Döwlet tebigy goraghanasyny döretmek hakyndaky taryhy karara gol çekdi. Garagum sährasynyň tebigy gözelligini öwrenmekde, baýlaşdyrmakda we ol ýerlerde syýahatçylygy ösdürmekde bu döredilen goraghananyň uly ähmiýeti bardyr.
Garagum sährasynyň çäginde ýerleşýän tebigy täsinlikleriň esasylarynyň biri Derweze täsinligi bolup, ol ýurdumyzyň raýatlarynda şeýle-de daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän ýerleriň biridir. Derweze täsinligi häzirki wagtda ,,Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýar. 1971-nji ýylda nebit-gaz gözleýjiler tötänden gaz käniniň üstünden barýarlar. Ol ýerde burawlaýyş işleri geçirilende ini 70 metrlik aşagy boşluk bolan giň çukur emele gelipdir. Şondan bäri 40 ýyldan gowrak wagt geçsede Garagumyň jümmüşindäki Aşgabada 350 km, Derwezä bolsa 35 km. aralykda ýerleşýän bu çuňlukdan gaz çykýar. Ýöne ol ýeri burawlap bolmansoň geologlar ony ýakyp goýmagy makul bildiler. Bu täsin ýeri özboluşly çöl wulkany diýip hem atlandyrmak bolar. Bu özboluşly çöl täsinliginiň hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmekdäki ähmiýeti uludur.
Umuman aýdanyňda Garagum sährasy häzirki wagytda şeýle-de geljekde hem, öziniň ekologiki aýratynlygy, adamyň jan saglygyna peýdalylygy , arassa güneşli howasy ýaly aýratynlyklary bilen Türkmenistan döwletimiziň syýahatçylyk pudagyny ösdürjek, esasy tebigatyň ajaýyp ýerleriniň biridir.