Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /GAJETLERIŇ ZYÝANY
  20.02.2023
1485
GAJETLERIŇ ZYÝANY

Singapurly alymlar çagalykda gajetleriň ulanylmagy bilen beýniniň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Irki çagalykda gajetleriň aşa köp ulanylmagy kämillik döwründe kognitiw ukyplarynyň ýaramazlaşmagyna getirip biler. Bu barada singapurly alymlaryň barlaglarynda anyklanyldy.

Birnäçe ýylyň dowamynda geçirilen tejribede alymlar 506 çagany synladylar. Olar çagalaryň ene-atalaryndan olaryň bir günüň dowamynda dürli gajetleriň ekranynyň öňünde ortaça näçe wagt sarp edýändigi barada maglumat ýygnadylar. Soňra barlagdan geçirilýänleri ekranyň öňünde sarp edýän wagtlaryna görä toparlara böldüler we bir ýaşdaky, bir ýarym ýaşdaky we dokuz ýaşdaky çagalary synagdan geçirdiler.

Irki çagalyk döwründe çaga gajetlere näçe köp wagt sarp etse, alymlar beýni işjeňliginde şonça-da düýpli gyşarmalary we akyl ýetiriş ukyplarynyň bozulmalaryny ýüze çykardylar. Aýratynam, gözlegçiler gajetleriň aşa köp ulanylmagy bilen impulslary we duýgulary dolandyrmaga, köp basgançakly görkezmeleriň ýerine ýetirilmegine, ünsüň jemlenmegine we çylşyrymly meseleleriň çözülmegine jogap berýän beýniniň ýerine ýetiriji funksiýalarynyň bozulmalarynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar.

Alymlar gajetleriň ýerine ýetiriji funksiýalaryň ýerine ýetirilmegine jogap berýän kelle beýnisiniň prefrontal bardasynyň ösüş prosesine ýaramaz täsir edýändigini öňe sürýärler. Beýniniň bu bölegi ömrüň uniwersitet ýaşyna çenli ösýär, şonuň üçin ol daşarky faktorlaryň täsir etmek howpuna ýykgyn bolýar. «Haçan-da çaga ekrana seredende, ony ýokary dinamiki üýtgeşmeler, ýagtylyk çeşmesiniň hemişe ýanyp sönmesi we işlenmegi üçin ep-esli kognitiw serişdelerini talap edýän sahna üýtgemeleri gurşap alýar. Beýni aşa ýüklenýär we ýerine ýetiriji funksiýalary özleşdirmek üçin ýeterlik derejede serişdeleri bölüp bilmeýär» – diýlip, alymlaryň bilelikdäki beýanynda aýdylýar.

 

Parahat NURULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.