Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ diýlip yglan edilen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şanly senelere, toýdur-baýramlara beslenýär. Şunuň ýaly şanly seneleriň biri hökmünde dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk dabaraly baýramçylygy hem bellenmäge mynasypdyr.
Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Hoşniýetlilik, açyklyk, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklarynyň biridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes ýörelgelerine berk eýeren türkmenistanly gerçekler merdana halkymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweşlerde edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de geljekki nesilleriň çuň hormatyna we söýgüsine mynasyp boldular. Uruş ýyllarynda Türkmenistan frontuň ygtybarly daýanç merkezine öwrüldi. Zähmetsöýer halkymyz beýik ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.
Müňýyllyklaryň dowamynda watansöýüji, namys-arly, öýüň ojagyny öçürmän saklaýan asylly maşgalalar hökmünde özlerini dünýä tanadan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny meýletinlik bilen tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler.
Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň hataryny barha azaltsa-da, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezip, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan gahrymanlarymyzy halkymyz uly hormat bilen ýatlaýarlar. Eziz diýarymyzda Ýeňiş güni bagtyýar nesillerde adamzadyň iň gowy, iň ajaýyp gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly gözel häsiýetlerini terbiýeleýän baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen belläp geçilýär.
Parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlete öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde gazaply uruşda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabaralaryny geçirmek hem halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.
Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda öz janyny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, harby borja, Watana wepalylyk görkezdiler. Watanymyzyň erkinligini hem-de garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz esgerler baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy, milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda edebileşdirildi.
Öz janyny pida edip, köp garaşdyran Ýeňşi getiren milli gahrymanlarymyza tagzym edýäris! Biz azat durmuş ugrunda gazaply söweşlerde gaýduwsyzlyk,batyrgaýlyk we edermenlik görkezen esgerleriň, şeýle hem Ýeňşe uly goşant goşan tyl zähmetkeşleriniň hatyrasyny hemişe belent tutarys. Biziň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşymyz üçin olara baky şöhrat!