Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
  12.04.2023
564
Energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar

Oňyn özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň aýdyň netijesidir. Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, geljegi uly pudaklary, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen netijeli işleri ýola goýmak möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalaryny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki zaman kärhanalaryň işe girizilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Sebitlerde gurulýan we ulanylmaga berilýän täze desgalaryň hatarynda energetika pudagyna degişli desgalaryň bolmagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda halkymyzyň bagtyýarlygyny hem bitewiligini, mähriban Watana bolan buýsanjyny, belent sarpasyny alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, elektroenergiýanyň önümçiligi dünýäde iň girdejili önümçilik hasaplanýar. Şunlukda, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri artdyrylýar. Onuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika senagaty durnukly ýokary ösüş depginlerini gazanýar. Milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy çemeleşmeleriň işjeňleşmegini, hünär ulgamynyň kämilleşdirilmegini gazanmak möhüm bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary täze senagat tehnologiýalary, enjamlary bilen üpjün edilýär. Bu ugurda täze desgalaryň inženerçilik-tehniki düzümini döretmekde ýüzlerçe hünärmenler, inženerler, elektrikler, gurluşykçylar, jemagat hojalygynyň işgärleri netijeli we irginsiz zähmet çekýärler. Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy eksport edilýän elektroenergiýanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň açylmagyny, durnukly ösüş ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýär. Elektroenergiýanyň eksport edilýän beýleki geljegi uly ugurlary hem uly ösüşe eýe bolýar. Iri gaz geçirijileriň ugrunda elektrik geçiriji kuwwatly ulgamy gurmak zerurlygy hem üstünlikli çözülýär. Ol tutuş ugurdaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge şert döredýär. Ýurdumyzy ýakyn ýyla çenli toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe iri senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini ýokarlandyrmak üçin elektroenergetika ulgamynyň ösdürilmegi üpjün edilýär. Tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmegi we öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň çekilmegi döwrebap energetika ulgamynyň döredilmeginiň möhüm ugry bolup durýar. Umuman, ýurdumyzyň bu pudakda ýeten belent derejesi ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Nury BOPBYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.