Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen birlikde, energetika pudagyny ösdürmek, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini we eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin ençeme iri taslamalar amala aşyrylyp, birnäçe kuwwatly elektrik beketleri gurlup ulanmaga berildi, müňlerçe kilometr uzap gidýän elektrik geçirijileriň birnäçesi täzelendi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu pudagy ösdürmek boýunça wezipeler kesgitlenip, olar üstünlikli amal edilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda hem bu geljegi uly bolan pudagyň ösüşiniň taryhy, şu güni hem-de geljegi barada giňişleýin beýan edilip, bu pudaga ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalýandygy aýratyn mazmun bilen şöhlelendirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky beýik işlerinden ruhlanyp, energiýa çeşmesiniň öndüriliş usullaryny seljermek we ornaşdyrmak, olardan ykdysady taýdan bähbitli, daşky gurşawa zyýansyz usullary saýlap almak we beýleki birnäçe ugurlarda ylmy işleri alnyp barylýar. Şeýle ylmy gözlegler energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Bular bilen birlikde, ýurdumyzda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň kuwwaty artdyrylýar. Olaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Ahal welaýatyndaky bu kärhana dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy. Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän eziz Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda maksatnamalaýyn işleri toplumlaýyn esasda durmuşa geçirýär. Milli ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan giň möçberli wezipelere laýyklykda, daşary ýurt maýadarlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär. Şeýle geljegi uly bolan kuwwatly pudakda hem-de döwrebap toplumlarda geljekde zähmet çekjek ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleriň hem ýokary derejede alnyp barylýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Biz hem, şunuň ýaly bagtyýar zamanada halal zähmet çekmäge, döretmäge, ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Ýazgeldi ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.