Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /EKOSYÝAHATÇYLYK
  10.06.2021
495
EKOSYÝAHATÇYLYK

Syýahatçylyk – fiziki şahslaryň hemişelik ýaşaýan ýerinden tölegli iş bilen meşgul bolmazdan, dynç almak üçin, saglygyny berkitmek, öwreniş, hünärmentçilik – işewürlik, bilimiňi artdyrmak, sport, zyýarat  syýahatçylygy we beýleki maksatlar bilen wagtlaýyn bolunýan ýurda (ýere) bolan gezelenjidir. 

     Syýahatçylyk pudagynyň esasy düşünjeleriniň arasynda,  syýahatçylgyň toparlandyrylyşy aýratyn uly ähmiýete eýe bolup durýar. Syýahatçylyk ulgamy birnäçe alamatlary boýunça toparlara  bölünýär.

      Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunynda  syýahatçylygyň: dynç alyş-sagaldyş, medeni-öwrenijilik, professional-işewürlik, bilim, durmuş, ekosyýahat, sport, işjeň, zyýarat we beýleki  görnüşleri bellenilýär.

      Syýahatçylygyň toparlandyrylşynyň içinde ekologiki syýahatçylyga  uly orun degişlidir. Ekosyýahatçylygyň döreýiş taryhy barada  aýdanymyzda, bu syýahat görnüşi baradaky düşünjäni 1980-nji ýylda  Meksikan ykdysatçysy, ekology Sektor Sebo esaslandyrýar. Häzirki  wagytda dünýäde adamzat durmuşy bilen baglanşykly birnäçe global  meseleler bolup, olaryň biri hem ekologiýa meselesidir. Ekosyýahatçylyk hem şol meseleleriň öňüni almak maksady bilen dörän  syýahatyň görnüşidir.

       Ekosyýahatçylygy, öz geçişiniň täsirliligi we adamyň jan-saglygyna  peýdasy bilen düşündirmek bolar. Türkmenistanyň “Syýahatçylyk”  hakyndaky Kanunynda, ekosyýahatçylygy şu görnüşde beýan edilýär. Ekosyýahatçylyk diýlip, seýrek duş gelýän tebigy desgalara, goraghanalara, milli tebigy seýligählere şeýle hem tebigaty goraýyş  maksatly çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan  syýahatçylyga düşünilýär.

           Ekosyýahatçylyk-tebigaty ýakyndan synlamak we onuň bilen  gatnaşykda bolup, tebigat bilen tanyşmaklykdyr. Ekosyýahatçylygyň  ösdürilmegine, tebigy şertler hem-de howa şertleri gowy  mümkinçilikler berýär. Biziň Türkmenistan döwletimiziň klimat şerti,  ýylyň bütin dowamynda myhmanlary kabul etmäge mümkinçilik  berýär.

      Ekosyýahatçylyk-syýahat edýän adamlaryň tebigata bolan  isleglerini kanagatlandyrýan, tebigy görnüşleriň ählisini öz içine alýar. Tebigatda özüňi alyp barmagyň kadalary berk berjaý edilse, syýahatçylyk pudagynyň üstünlikli ösmegine getirýär.     

        Ekojahankeşdelik-tebigy gurşawa örän az ýaramaz täsir ýetirýändigi  bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony  “Ýumşak  jahankeşdeligi“ diýip, hem atlandyrylýar. Ekosyýahatçylygyň özüne ýetesi rahatlygy we  artykmaçlyklarynyň bardygyny bellemelidir.

      Ekojahankeşdelikde müşderileriň islegleriniň biri bolup, adamlaryň  hereket etmek islegi çykyş edýär. Gezelenç etmeklik, ýörişler, ekskursiýalar adamlaryň hereket ýetmezçiligini ýok etmäge  mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, birnäçe keselleriň öňi alynýar. Gezelençler, dynç almak we ekosyýahatçylygyň beýleki görnüşleri  durmuşa ornaşdyrylanda, tebigy gurşawa zyýan ýetirilmän, syýahatçylary kabul edýän ýeriň medenýetine hormat goýulanda, syýahatçylyk eko syýahatçylyk görnüşe eýe bolýar.

    Ekosyýahatçylygy hem öz aýratynlyklaryna we guralşyna baglylykda  birnäçe görnüşlere bölünýär:

  • Ylmy ekosyýahatçylyk;
  • Tebigatyň taryhy baradaky ekosyýahatçylyk;
  • Başdan geçirmeli ekosyýahatçylyk;
  • Tebigy goraghanalardaky ekosyýahatçylyk.

Biziň  ýurdumyzda ekologiýany ösdürmek we ekologiýany gorap saklamak  üçin, birnäçe çäreler geçirilýär:

     -tebigy, medeni ýadygärlikleri goramak üçin, syýahatçylar bilen   düşündiriş işlerini geçirmek;

     -orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde, daşky gurşawy we  ekologiýany goramak boýunça, dersleriň okadylmagy;

     -daşky gurşaw we ekologiýa barada mahabat işlerini geçirmek we  ş.m. çäreler durmuşa ornaşdyryldy.

     Syýahat etmek, gezelenç etmek adamlaryň dynç alamagy we  saglyklaryny dikeltmekleri üçin zerurdyr. Emma, syýahatçylaryň köp  halatlarda daşky gurşawa zyýanly täsir edýändigini bellemek gerek. Şol sebäpli hem, iň esasy zat, şu düzgünleri berjaý etmeli:

     -syýahat edilýän mahaly, daşky gurşawa zir-zibil taşlamaly däl;

     -agaçlaryň şahalaryny çapmaly däl;

     -ýörüte bellenilen ýer bolmasa, ot ýakmaly däl we ş.m.

       Eger-de şu kada-kanunlar berjaý edilse, onda tebigata hiç hili  zyýansyz eko syýahatçylygy amala aşyrmak mümkindir.

      Ekosyýahatçylygyň amala aşyrylmagynyň netijesinde, adam  tebigatyň gözel ýerlerini synlap, ruhy göterilýär hem-de şähdi  açylýar. Mundan başgada, syýahatçylar tebigatda bar bolan, geň-enaýy ösümlik  we haýwanat dünýäsini ýakyndan synlamaga hem-de özlerine gerekli,  gyzyklandyrýan maglumatlary almaga mümkinçilik gazanýarlar. Ekosyýahatçylykda daga ýa-da çöl ýerlerine syýahat edilende,tebigatyň  arassa howasynyň, dagdan akyp gaýdýan çeşmeleriň suwy hem-de  çöldäki ösýän ot-çöpleriň ýakymly ysy, adamlaryň jan-saglygy üçin  hem örän peýdalydyr. Ekosyýahatçylygy ösdürmeklik üçin, biziň  ýurdumyzda tebigy ýerleriň, goraghanalaryň we adam eli bilen  döredilip, rowaýata öwrülip giden, tebigatyň ajaýyp ýerleriniň  ençemesi  bardyr.