Eziz Diýarymyz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, BMG-niň bu ugurdaky ýörite edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, giň möçberli ekologiýa Gaznasy bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramaga degişli birnäçe maksatnamalaryna, Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasyna, Biologik dürlülik hakyndaky, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça, Serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak boýunça Konwensiýalaryna goşuldy.
Häzirki wagtda Aral deňziniň töwereklerinde, Bötendag giňişliginde, Sarygamyş kölüniň kenarlarynda 20 müň gektar meýdany öz içine alýan tokaý zolaklary döredildi. Ýurdumyzda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Taslamanyň maksady şor we zeý suwlaryny ekologiýa taýdan howpsuz ýere-Garaşor çöketligine sowmak hem-de ýurdumyzyň hojalygara we baş şor suw akabalaryny bir bitewi ulgama birleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bu tebigy howdanyň uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, ortaça çuňlugy 70 metre barabardyr. Iri gidrotehniki desganyň gurulmagy sebitiň daşky gurşawynyň goralmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Ekologiýa abadançylygyny saklamak we tebigata aýawly çemeleşmek ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudyr. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa», «Ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama», «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Ekologiýa degişli «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» we «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, halkymyz bag ekmek ýaly sogaply işlerde görelde görkezýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdany has giňeýär we bagy-bossanlyga bürenýär. Eziz Watanymyzyň ähli welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň golaýyndaky dag eteklerine bag nahallary yzygiderli ekilýär. Ýurdumyzda «Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr» diýlen jümlelerden ugur alyp, ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak watandaşlarymyzyň her biriniň mukaddes borjudyr.