logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ekologiýa syýasaty — abadan durmuşyň kepili
  20.01.2024
725
Ekologiýa syýasaty — abadan durmuşyň kepili

Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, tebigaty aýawly saklamak babatynda döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bularyň ählisi döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan ynsan saglygynyň berkemeginde, ömür dowamlylygynyň uzamagynda uly ähmiýete eýedir. Çünki ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi daşky gurşawyň tebigy şertlerine gönüden-göni baglydyr. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň abadançylygyny gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzak möhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri göz öňüne tutulýar. Onuň çäklerinde BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulýan ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara ýörelgeler we milli gymmatlyklar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.

 

 

Geçen ýylyň özünde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. «Bu resminama Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Türkmenistanda Sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz örän ýerlikli belläp geçýär.

 

 

Täzegül AGAJYKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.