logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ekologiýa abadançylygy - sagdynlygyň binýady
  17.01.2024
789
Ekologiýa abadançylygy - sagdynlygyň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, hususanda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Onuň mysalynda daşky gurşawy goramak babatynda türkmen wekiliýetiniň zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.

 

 

Berkara döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalar esasynda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini tapýar.

 

 

Türkmenistan tutuş adamzat üçin möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär.  

 

 

Ejegül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.