logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ekişde bökdençlik bolmaz
  13.08.2021
686
Ekişde bökdençlik bolmaz

Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de olaryň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan edara-kärhanalaryň hünärmenleri iş üstünde bolup, tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny birkemsiz taýýarlamak, güýzlik bugdaýyň ekişini gysga möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde geçirmek boýunça işler gyzgalaňly alyp barylýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy bu işlere ähli taraplaýyn taýýarlykly girişdiler. Bu ugurda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, öňde goýulýan aýdyň wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi işleriň häzirki gurluşyna köp derejede baglydyr.

Kärhanada öňde duran ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary ýokary derejede abatlamak, olaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu ýylky bugdaý ekişinde  dürli kysymly traktorlaryň 60-dan gowragynyň, däne ekijileriň 63-siniň, tekizleýjileriň 40-dan gowragynyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginde esasy daýanç hasaplanylýan kuwwatly tehnikalary, beýleki oba hojalyk gurallaryny talabalaýyk abatlamak işleri gije-gündizleýin dowam edýär. Munuň özi bolsa bugdaý ekişi döwründe tehnikalaryň öndürijilikli işlemeklerini, gündelik ekiş geçirilmeli ekin meýdanlarynda işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmeklerini üpjün eder. Muňa bolsa Tejenli babadaýhanlaryň “Türkmenistan – parahtçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna doly mümkinçilikleri döredýär.